02.04.2024
14507
Obasenagat toplumyny ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Türkmenistanda oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biridir. Onuň ösdürilmegine döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýär. 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasy munuň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini döwlet tarapyndan goldamak boýunça toplumlaýyn çäreler kesgitlenilýär.
02.04.2024
7417
Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Taýlandda geçýän 2024-nji ýylyň Dünýä kubogynda çykyş etmäge başlaýarlar
Phuketde (Taýland) başlanan agyr atletika boýunça Dünýä kubogyna Türkmenistandan dokuz türgen gatnaşar.
02.04.2024
4962
Türkmenabat şäheriniň gümrükhanasynda türkmen-özbek bilelikdäki okuwy geçirildi
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň gümrükhanasynda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň port gözegçilik toparlarynyň agzalarynyň hünärlerini ýokarlandyrmak üçin sebitara okuw geçirildi.
02.04.2024
7035
Aşgabat – bagy-bossanly şäher
Baharyň gelmegi bilen Türkmenistanda miweli we saýaly agaçlaryň gülleýän ajaýyp döwri başlandy. Tebigy manzaralar täzeden gök öwüsdi, şäher seýilgählerinde bolsa al-elwan reňkleri bilen göz guwandyrýan ilkinji güller açyldy.
02.04.2024
8136
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» bäsleşiginiň ýarym final we final tapgyrynyň geçiriljek senelerini yglan etdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň ýarym final we final tapgyrlarynyň geçiriljek senelerini yglan etdi. Bäsleşik ýokary okuw mekdebi hem-de onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan ýurduň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýär.
02.04.2024
7468
Türkmenistanyň Ilçisi Pakistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde «Aýwan-e-Sadr» Prezident köşgünde Türkmenistanyň Ilçisi Atajan Möwlamow bilen Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda duşuşyk geçirildi.
02.04.2024
11277
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda mekdep okuwçylaryň ders bäsleşikleriniň jemi jemlendi
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty fizika we matematika boýunça ýurdumyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen olimpiadalaryň netijelerini yglan etdi.
02.04.2024
8494
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň ikinji bölegi aprel aýynda açylar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 29-njy martda bolup geçen mejlisinde ýokary tizlikli Aşgabat – Türkmenabat uly awtoulag ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy aprel aýynda boljak esasy wakalaryň hatarynda agzaldy.
02.04.2024
8758
«Ajaýyp-gurluşyk» Daşoguzda täze saglyk merkezini gurýar
Daşoguzda täze saglyk merkeziniň gurluşygy dowam edýär. Döwrebap saglygy goraýyş merkezi, Halkara howa menziline barýan awtoulag ýolunyň ugrunda gurulýan şäherdäki täze ýaşaýyş toplumynda «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan gurulýar.
02.04.2024
5218
Döwrebap ýyladyşhanalaryň berekedi artýar
Berkarar döwletimizde milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk toplumyny, aýratyn hem onuň köpugurly gaýtadan işleýän pudagyny, eýeçiligiň dürli görnüşlerini, şol sanda hususyýetçiligi ösdürmek üçin uly aladalar edilýär. Şonuň netijesinde döwletli Diýarymyzda ösen tehnologiýalara, kämil tilsimatlara, innowasion usullara daýanýan telekeçilik ulgamynda ýokary netijeler gazanylýar.