16.06.2022
7750
Standartlaşdyrma pudagynda hyzmatdaşlyk ösýär
Şu ýyl Türkmenistanyň Standartlaşdyrmak boýunça Sebitara assosiasiýanyň doly hukukly agzasy bolanyna 30 ýyl dolýar. Onuň maksady standartlaşdyrmak meseleleri boýunça halkara we sebitara guramalar bilen hyzmatdaşlykda bolmakdyr.
16.06.2022
6186
Manamada türkmen-bahreýn syýasy geňeşmeleri geçirildi
2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda Manama şäherinde Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, bahreýn tarapyna Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler minsitriniň Halkara işleri boýunça orunbasary Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa ýolbaşçylyk etdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
16.06.2022
14651
Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary instituty bäsleşik yglan etdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Dialog ‒ parahatçylygyň kepili. Halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy» atly halkara bäsleşik yglan etdi.
16.06.2022
6845
«Deňizçi» futzal boýunça Balkan welaýatynyň Kubogyny eýeledi
«Deňizçi» futzal topary Balkan welaýatynyň Kubogyny eýeledi. Bu üstünlige Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň topary finalda «Gumdagy» 8:1 hasap bilen utup ýetdi.
15.06.2022
7985
Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Seýed Ebrahim Raisiniň arasyndaky gepleşikler
Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda bu ýurda resmi sapar bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goňşy döwletiň ýolbaşçy düzümleri bilen ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi. Olaryň gün tertibine tagallalary birleşdirmegiň täze mümkinçiliklerini açýan döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, sebitara we halkara syýasatyň möhüm meseleleri girizildi.
15.06.2022
5665
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň bilelikdäki Beýannamasy
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1401-nji hijri-şemsi ýylynyň hordad aýynyň 24-25-ine gabat gelýän 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda döwletleriň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň toplumy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm sebit we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar.
15.06.2022
10559
Ildeşimiz agyr atletika boýunça dünýä ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy
Turkmenistanly Medine Amanowa, 2005-nji ýyldan soň dunyä inen türgenleriň arasynda agyr atletika boýunça Meksikanyň Leon şäherinde geçirilýän ýetginjekleriň dünýä ýaryşynda itekläp galdyrmakda bürünç medal eýeledi. Ol bu üstünligi 59 kilograma çenli agram derejesinde gazandy, şonda 12 ýurtdan agyr atletikaçylaryň 14-si baýrak ugrunda bäsleşdiler.
15.06.2022
7227
«Frankfoniýa-2022» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistandaky fransuz institutynyň (TFI) howandarlygynda geçirilen «Frankofoniýa-2022» bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabarasy geçirildi.
14.06.2022
9964
Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasyna resmi sapary başlandy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady.
14.06.2022
5498
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.