12.01.2022
10527
Et öndürmekde ýetilen sepgitler
Lebap welaýatynyň telekeçileri tamamlanan 2021-nji ýylyň dowamynda 323 tonnadan gowrak et öndürdiler. Bu görkeziji ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende iki esseden artyk bolup, 164 tonna ýakyn etiň köp öndürilendigini görkezýär.
11.01.2022
6490
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Lýusia Uaýldy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
11.01.2022
14311
Türkmenistan — ÝUNESKO: milletiň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlyk
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda Garaşsyz döwletimizde medeniýetiň, edebiýatyňdyr sungatyň gülläp ösmegi üçin hem ähli şertleriň döredilýändigini, milli mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, olaryň öz ajaýyp miwelerini berýändigini belläp, ýaňy-ýakynda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi mynasybetli ýurdumyzyň ähli halkyny tüýs ýürekden gutlady.
11.01.2022
15057
Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynda şanly seneler
2022-nji ýylda Türkmensitanyň dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýanyna 30 ýyl dolýar, ol garaşsyz döwlet hökmünde onuň halkara (hukuk subýekti) derejesinde ykrar edilmegidi. Diplomatik gatnaşyklar özygtyýarly döwletler we halkara hukugynyň beýleki subýektleri bilen resmi gatnaşyklary amala aşyrmagyň esasy görnüşi bolup hyzmat edýär.
11.01.2022
7871
Watanperwer kompozitor Röwşen Nepesow
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň eserlerinden düzülen konsert boldy.
11.01.2022
7809
Ökdeler belli bolar
Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynyň ýokary synp okuwçylary üçin geçiren onlaýn-ders olimpiadalary tamamlanýar.
11.01.2022
6598
Türkmenistanda ekologiýa taýdan arassa benzin öndürilýär
Nebit we gaz öndürýän ýurtlaryň nebit-himiýa önümçiligini döretmek arkaly öz ykdysadyýetlerini diwersifikasiýa etmegi bütin dünýäde giň gerim bilen ýaýbaňlanýan işdir.
11.01.2022
7125
Ýurdumyzyň futbol topary ýene-de AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder
«Türkmennebitönümleri» Baş müdirlginiň «Ahal» topary 19 ýyldan soň ýene-de AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder. Bu AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmak üçin ygtyýarnama alandan soň belli boldy.
11.01.2022
7034
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly gepleşik
10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
11.01.2022
6668
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Beýik Britaniýanyň Ilçisi bilen duşuşdy
2022-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi hanym Lýusia Waýld bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.