09.10.2026
1129
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hazar ekologiýa sammitindäki çykyşy
Hazarýaka döwletleriň Prezidentlerini Türkmenistanda tüýs ýürekden mübärekleýärin. Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmaga çakylygy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin.
09.10.2026
1210
Awazada Hazar ekologiýa sammiti geçirildi
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda Hazar ekologiýa sammiti geçirildi.
09.10.2026
2293
Keşpler, duýgular, ykballar: täze surat sergisi
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sungat galereýasynda fotosuratçylaryň suratlarynyň sergisi açyldy. Onda ýedi sany türkmen fotosuratçysy gözelligi we nepis duýgusy bilen hakyky şowhunly üstünlik döreden takmynan 170 eserini görkezdi.
09.10.2026
1057
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sebitde senagat kooperasiýasyny we agrosenagat hyzmatdaşlygyny ösdürmäge çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sebitde senagat kooperasiýasyny işjeňleşdirmegi we oba hojalyk pudagynda eksporta gönükdirilen bilelikdäki toplumlary döretmegi teklip etdi.
09.10.2026
895
Türkmenistanyň Prezidenti sebit ýurtlaryna we Azerbaýjana «Akylly» şäherler diplomatiýasy» konsepsiýasynyň esasynda tehnologik geçişi teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mehanizmlerini döretmegiň zerurdygyny aýtdy.
09.10.2026
1798
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň esasy ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygynda çykyş etdi.
09.10.2026
994
Türkmenistan Hazar sebitiniň üsti bilen ulag geçelgelerini iş ýüzünde kemala getirmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlaryny we Azerbaýjany yklymda ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek boýunça bilelikdäki ädimlere has anyk mazmun berilmegine çagyrdy.
09.10.2026
1471
Mekdep okuwçylary «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň VI möwsümine gatnaşmak hukugy üçin bäsleşdiler
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly intellektual taslamasynyň VI möwsüminiň saýlama synagyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden 480-den gowrak türkmen mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
08.10.2026
2146
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hormatly Prezidentlerini Türkmenistanda mähirli mübäreklemäge rugsat ediň! Hemmäňizi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygynyň işiniň başlamagy bilen gutlaýaryn we sammitiň üstünlikli geçirilmegini arzuw edýärin.
08.10.2026
2355
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Nobatdaky konsultatiw duşuşyk bu gün taryhy şanly waka beslendi — Azerbaýjan Respublikasy ilkinji gezek bu sebit dialogyna resmi görnüşde gatnaşýar.