14.11.2025
10135
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
14.11.2025
4476
Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Marokko Patyşalygynyň Daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky marokkolylaryň işleri boýunça ministri Nasser Buritanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
14.11.2025
6450
Arheologiýa: asyrlarboýy medeniýetleriň gepleşigi
Özbegistanyň paýtagtynda Türkmenistanyň wekilleriniň işjeň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýada ruhy miras we aň-bilim» atly halkara kongresi öz işini dowam edýär. Gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň mowzuklary diýseň giň we mazmun taýdan örän baý.
14.11.2025
3955
Türkmenistan bilen Müsüriň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Müsür Arap Respublikasynyň Daşary işler, emigrasiýa we daşary ýurtlardaky müsürlileriň işleri boýunça ministri Badr Abdelattiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
14.11.2025
4543
Türkmenistanyň we Rumyniýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary telefon arkaly gepleşikleri geçirdiler
2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministri Oana Toýunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
14.11.2025
4061
Ýyllyk tabşyrygy üstünlikli ýerine ýetirdiler
Daşoguz welaýatynyň şalyçylary bu «merjen dänesini» ýygmagyň ýyllyk tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirdiler.
14.11.2025
4327
Türkmen wekiliýeti hytaý dili boýunça Bütindünýä maslahatyna gatnaşýar
Türkmen wekiliýeti 14-16-njy noýabr aralygynda HHR-iň paýtagty Pekinde geçirilýän hytaý dili boýunça Bütindünýä maslahatyna gatnaşýar.
14.11.2025
3552
Daşkentde geçirilen okuw maslahatynda hünärmenler esasan suw boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistan suw meseleleri boýunça öz çemeleşmelerini kemala getirip, sebit derejesinde suw serişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly peýdalanmak baradaky meseleleri çözmek ugrunda umumy ylalaşygy gazanmagy maksat edinýär.
14.11.2025
4946
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdylar
2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdylar.
14.11.2025
4321
Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýan telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler.