20.06.2026
2345
«Köpetdag» futbol toparynyň ýeňişleri
Futbol boýunça Türkmenistanyň ýokary ligasynyň çempionatynyň 13-nji tapgyry dartgynly we örän netijeli geçdi. Aşgabat, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde geçirilen 4 duşuşykda toparlar 16 gol saldylar. Öz garşydaşlaryndan üstün çykmak bilen toparyň güýjüni tassykladylar.
20.06.2026
1787
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Içeri işler ministri S.Tamazaşwili bilen duşuşygy boldy.
20.06.2026
530
Magtymguly Pyraga bagyşlanan sergi açyldy
Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň Sergiler merkezinde türkmen suratkeşleriniň işleriniň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet we sungat – Magtymguly Pyragynyň göwün çyragy» atly gala-sergisi açyldy.
20.06.2026
1545
Baku şäherinde adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumy geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili – Adalatçy Ýazdursyn Gurbannazarowa Baku şäherinde geçirilen “Emeli aň eýýamynda adam hukuklary: mümkinçilikler, töwekgelçilikler we jogapkärçilik” atly Ombudsmenleriň halkara sammitine gatnaşdy.
20.06.2026
697
Malaýziýanyň başlangyçlary Türkmenistanyň daşary syýasatynyň «Dialog – parahatçylygyň kepili» we «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgeleri bilen sazlaşýar
Türkmenistanyň paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny hem-de halkara giňişlikdäki özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.
20.06.2026
1275
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Hazar deňzindäki ýataklary özleşdirmek babatda hyzmatdaşlygy giňeldiler
Nebitgaz pudagy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bu mesele Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen gepleşikleriň esasy mowzuklarynyň biri boldy.
20.06.2026
727
Türkmenistan we Malaýziýa ykdysadyýetde, logistika we ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň dowamynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda we medeni-ynsanperwer ugurda gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça ylalaşyklar gazanyldy.
20.06.2026
1409
Arkadag şäherinde gurulýan täze metjidi «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak teklip edildi
Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde ýurdumyzyň dindarlarynyň maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary hem gatnaşdylar.
20.06.2026
1628
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde uçurymlara diplomlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 2026-njy ýylyň uçurymlaryna diplom gowşurylyş dabarasy geçirildi.
20.06.2026
842
Ýeralmanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi
Ýurdumyzyň Gündogar sebitinde öz topragymyzda kemala getirilýän, ekologik taýdan arassa azyk önümleriniň bol hasylyny almak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sebitde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy, işleriň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagy özüniň buýsandyryjy netijelerini hem berýär.