03.11.2023
5373
Gahryman Arkadagymyz Astanada Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşýar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana bolan iş saparynyň dowamynda Astanada açylan Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşýar.
03.11.2023
3529
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Astana bolan iş saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi.
03.11.2023
4148
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapar bilen ugrady.
02.11.2023
10738
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, käbir beýleki meseleler girizildi.
02.11.2023
5733
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi dünýä jemgyýetçiliginde giňden bellenilýän Şäherleriň bütindünýä gününde ýurdumyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn.
02.11.2023
7408
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlaryny döretmek hakynda” Karara gol çekdi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we olaryň tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak boýunça işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
02.11.2023
5991
“Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumy: işewürlik geňeşleriniň mejlisleri
Şu gün “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde “Türkmenistan — Koreýa Respublikasy” işewürlik geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi.
02.11.2023
7814
Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri
29 — 31-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Döredijilik çäresi iki doganlyk halkyň medeni-ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagyna we döwletara ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi.
02.11.2023
6763
Ýurdumyzyň ylym we bilim pudagynyň hünärmenleri «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» forumyna gatnaşdylar
Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň we Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň hünärmenleri 1-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa hyzmatdaşlyk forumynyň» maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary, bilim we ylym meselelerine bagyşlanan iki mejlisine gatnaşdylar.
02.11.2023
4486
BMG-niň döredilmeginiň 78 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk
2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 78 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi.