31.10.2023
6356
«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» elektron žurnalynyň nobatdaky sany çykaryldy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalyň üçünji sanyny çykardy. Ondaky makalalar alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlaryndaky gözlegleriniň netijelerini görkezýär.
31.10.2023
6175
Tahyr Ataýewiň orkestriniň üstünliginiň syry
«Üstünligiň syry nämede?». Tahyr Ataýewiň orkestriniň ýubileý konserti şu sorag bilen başlandy. Bu sorag halka ýöne ýerden berilmedi. Tahyr Ataýewiň orkestri ilkinji ýubileýini belleýär, özi-de, geçen bäş ýylyň dowamynda berlen her konsertde aýak basara ýer galmaýardy.
31.10.2023
6063
Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň wekiliýetiniň Gyrgyzystana sapary
2023-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Bişkekde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory B.Mätliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň DIM-niň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynyň rektory Akylbek Kylyçewyň arasynda duşuşyk geçirildi.
31.10.2023
5579
Türkmenistan we Gazagystan respublikasy strategiki hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýärler
2023-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleunyň arasynda gepleşikler geçirildi.
30.10.2023
6567
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
30.10.2023
5913
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
30.10.2023
6837
Aşgabatda halkara ýaşlar maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda «Halklaryň dostlugy – ýaşlaryň bagtly geljeginiň kepili» atly halkara ýaşlar maslahaty geçirildi.
30.10.2023
7082
Türkmenistanda ýagyşly we maýyl howanyň bolmagyna garaşylýar
Noýabr aýynyň başynda ýurdumyzda ýagyşly howa bolar. Howanyň temperaturasy +20 gradusdan +31 gradus aralygynda bolar.
30.10.2023
6640
Türkmenistanda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler
4-nji noýabrda Türkmenistanda ýene bir ekologiýa çäresi – ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň golaýda geçirilen mejlisinde degişli ýolbaşçylara bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmekligi tabşyrdy.
30.10.2023
7701
Täze elektrik stansiýasy ýurdumyzyň önümçilik we eksport mümkinçiligini artdyrar
Şenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentmiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde 1574 megawat kuwwatlylygy bolan täze birleşdirilen elektrik stansiýasyny gurmak barada Karara gol çekdi.