Jemgyýet
02.06.2025
1525
Ýurdumyzda hepdäniň dowamynda + 40 gradusa çenli yssy howanyň bolmagyna garaşylýar
Tomus pasly öz hökümini sürýär we tutuş ýurdumyzy +40 gradus we ondan hem ýokary yssy howa gurşap aldy.
01.06.2025
3507
Paýtagtymyzda täze çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy
Şu gün paýtagtymyzda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Bu möhüm wakanyň Çagalary goramagyň halkara güni bilen gabat gelmegi ýaş nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.
01.06.2025
4276
Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzi
Geçmişde Hazar deňziniň üstünden dürli ugurlar boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklar amala aşyrylypdyr we kenarýakada ýerleşýän halklaryň dost-doganlygyny berkidip, medeniýetiniň, sungatynyň ýakynlaşmagyna mümkinçilik döredilipdir. Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda şol taryhy eýýamlardan dowam edip gelýän parahatçylykly, özara bähbitli gatnaşyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha ösdürilýär.
31.05.2025
1119
Mal keselleriniň öňüni almak, olara epidemiologik gözegçilik etmek we gözegçiligi ýola goýmak boýunça hünärmenler üçin okuw geçirildi
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky edarasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde maldan geçýän keselleriň öňüni almak, olara epidemiologik gözegçilik etmek we gözegçiligi ýola goýmak boýunça milli hünärmenler üçin bäş günlük okuw geçirdi.
29.05.2025
2954
Türkmenistanda resmi düzümler üçin işgär taýýarlamak boýunça okuw geçirildi
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Serhet dolandyryşyna kömek maksatnamasy Aşgabatda Türkmenistanyň serhet, gümrük, migrasiýa, weterinariýa we fitosanitar edaralarynyň işgärlerini taýýarlamaga jogapkär mugallymlardyr işgärler üçin häzirki zaman okuw usullary boýunça okuw gurady.
28.05.2025
3155
Metbugat bilen döwlet edaralarynyň özara gatnaşyklaryny güýçlendirmek
27-28-nji maýda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde döwlet edaralary bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky gatnaşyklary täze tehnologiýalary ulanmak arkaly berkitmäge gönükdirilen okuw geçirildi.
27.05.2025
2147
BMG-niň halkara meýletinçisi türkmen uniwersitetinde okuw sapagyny gurady
BMG-niň halkara meýletinçisi, ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça hünärmen Çonju Wu Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde okuw sapagyny gurady.
27.05.2025
3102
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri sanly ulgam arkaly okuwlary geçýärler
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri adam gorlaryny dolandyrmak ulgamy boýunça sanly ulgam arkaly okuwlary geçýärler.
27.05.2025
1821
BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çärä gatnaşmaga çagyrýar
2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit edarasy ulag, daşky gurşaw we saglygy goramak umumy Ýewropa maksatnamasynyň çäklerinde «Geliň hereket edeliň! Köp ýöremegiň we welosiped sürmegiň 100 sebäbi» çäresine başlaýar.
26.05.2025
3010
“Türkmen arhiwi” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan türkmen we rus dillerinde neşir edilýän «Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminamalaýyn, ylmy-usulyýet žurnalynyň 25-nji sany çapdan çykdy.