Jemgyýet
29.12.2025
3271
Ýurt garşy alsyn!
Täze ýyl baýramçylygynyň öňýany ildeşlerimiziň ençemesi üçin goşa şatlyga – goşa baýrama öwrülýär. Çünki iň owadan, nurana – Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde olara täze öýleriň eýeleri bolmak bagty nesip edýär.
28.12.2025
3725
Baýramçylyk dabaralarynyň şatlyk-şowhuny çar tarapa ýaň salýar
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanylan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly kalplarymyza unudylmajak röwşen nuruny çaýyp, hakydalara hemişelik ýazyldy.
27.12.2025
2354
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanda taryhy özgertmeler amala aşyryldy
26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşyp, 2025-nji ýylyň - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň jemleri jemlenip, ýakyn geljek üçin ösüş ugurlary kesgitlenildi.
26.12.2025
3203
Çagalaryň baýramçylyk dabaralary
Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan täze ýyly garşylamak mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabara Watanymyzyň geljegi bolan, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemmetaraplaýyn aladalary bilen gurşalan bagtyýar çagalar gatnaşdylar. Dabara Täze ýylyň baş gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamygyň şadyýan çagyryşlary bilen başlandy.
26.12.2025
2297
Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak — Türkmenistanyň ösüş filosofiýasynyň esasy üç birligidir
Aşgabatda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabaraly çärede Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy netijelerini beýan etdi.
26.12.2025
2441
Türkmenistan Bitaraplyk derejesiniň bütin adamzadyň bähbidine hyzmat etmäge taýýardygyny iş ýüzünde subut etdi
Türkmenistan özüniň Bitaraplyk derejesiniň adamzada hyzmat etmegiň we ählumumy abadançylyga ýardam bermegiň netijeliligini iş ýüzünde subut etdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabaraly çäräniň dowamynda aýtdy.
26.12.2025
2586
Beýik işler täze taryhy döwrüň kuwwatly güýji
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tagallalary netijesinde tamamlanyp barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Ajaýyp dabaralara, şanly wakalara beslenen hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanylan buýsançly ýylynyň bütin dünýä ýaň salan dabaralary kalplarymyzda unudylmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.
25.12.2025
6945
Türkmenistan 2026-njy – Täze ýyly bellemäge taýýarlanýar
Täze ýylyň baýram howasy ýurdumyzyň şäherleriniň köçelerine eýýäm ýaýyldy. Müňlerçe çyralar, bezegli dükan aýnalary we ýaldyrawuk arçalar Täze ýyl gudratlaryna intizar ýürekleri ýylylyk bilen dolduryp, owsun hem şatlyk duýgusyny döredýär.
25.12.2025
1753
ÝHHG Türkmenistanda media sowatlylygy ösdürmäge goldaw bermegini dowam etdirer
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde media sowatlylygy boýunça milli tälimçileriň utgaşdyryjy duşuşygy geçirildi. Ol bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak boýunça taslamanyň durmuşa geçirilişine aralyk baha bermäge bagyşlandy.
24.12.2025
2307
Aşgabatda ýaşlaryň Ýewraziýa integrasiýadaky we sanly üýtgeşmedäki orny ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň paýtagtynda «Ýewraziýa integrasiýasynyň geljegi – täze sanly dünýädäki ýaşlaryň orny» diýen at bilen «tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Bu çäräni Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Ylym, bilim, we medeniýet bölümi gurady.