Jemgyýet
09.10.2024
6120
Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli halkara sergi açyldy
Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň açylyş dabarasy geçirildi.
09.10.2024
6783
«Ýaşlygymyň bahary» atly bäsleşik yglan edildi
«Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi zehinli ýaşlaryň döwrümiziň bagtyýar durmuşyny, parahatlyk söýüjilik we dostluk ýörelgelerini çeper söz bilen beýan etmäge bolan ymtylyşyny göz öňünde tutmak bilen, döredijilige meýilli ýaşlaryň arasynda «Ýaşlygymyň bahary» atly bäsleşik yglan etdi.
09.10.2024
3342
Şäheriň güýz bezegi
Şu günler Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher arassaçylyk we abadanlaşdyryş kärhanasynyň hünärmenleri ösümlikleri gyrkmak we şekile salmak işlerini alyp barýarlar.
09.10.2024
3439
Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylmagyna taýýarlyk görülýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 7-nji oktýabrda Arkadag şäherinde geçiren iş maslahatynda bu «akylly» şäherde boljak möhüm çärelere, şol sanda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagyna görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
08.10.2024
3275
Türkmenistan we ÝB adam hukuklary boýunça hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala oktýabr aýynyň başynda Türkmenistana eden saparynyň çäginde Hazarüsti ulag geçelgesiniň sazlaýjy ýerligini işe girizmek üçin ýokary derejeli çärä gatnaşdy, şeýle hem ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we adamlaryň arasyndaky gatnaşygy, adam hukuklaryny, suw baýlyklaryny durnukly dolandyryş ýaly, sebitde ileri tutulýan umumy ugurlary durmuşa geçirmäge bagyşlanan birnäçe duşuşyk geçirdi.
08.10.2024
5892
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň çawy dünýä dolan 33 ýyllyk toýy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisinden gelip çykýan wezipeler neşiriň güýzüň ilkinji aýyndaky sanynyň esasy aýratynlyklarydyr.
08.10.2024
3868
Türkmenistanda maýyl howanyň bolmagyna garaşylýar
Hepdäniň başynda ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna maýyl howa garaşýar. Birnäçe ýerlerde gysga wagtlaýyn ýagşyň ýagjakdygyna garamazdan, gündizlerine howanyň temperaturasy +32 gradus töwereginde bolar.
04.10.2024
4519
Türkmenistanly wekiller ÝHHG-niň maslahatynda çykyş etdiler
Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 30-njy sentýabry – 11-nji oktýabry aralygynda Polşanyň paýtagtynda geçirilýän ÝHHG-niň adam ölçegleri boýunça Warşawa maslahatyna gatnaşýar.
04.10.2024
5389
Alymlar taryhyň we medeniýetiň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti barada gürrüň berdiler
Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty bilen bilelikde guramagynda «Pederleriň mirasy – nesillere görelde» atly çäre geçirildi.
02.10.2024
5686
«Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň bäşinji jildi çapdan çykdy
«Hatyra» kitabynyň jemleýji, bäşinji jildiniň täze neşiri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar.