Medeniýet
03.04.2021
34157
Wadim Masson: Jeýtun arheologiki medeniýetini we Altyndepe siwilizasiýasyny açan adam
Köp sanly taryhy ýadygärliklere baý Türkmenistanyň çäginde ençeme zehinli arheologlar zähmet çekdiler we olaryň her biri gazuw işlerinde tapyndy subutnamalaryň çeşmelerini öwrenmeklige uly goşant goşdular. Türkmen topragynyň geçmişiniň syryny açmaklyga ömrüni bagyşlan meşhur alymlaryň hatarynda ýaşytdaş dostlar, birnäçe ylmy işleri bilelikde ýazan awtorlar: Wiktor Iwanowiç Sarianidi we Wadim Mihaýlowiç Masson ikisi hem bardy.
31.03.2021
17367
Aşgabatda Muhammet Baýram han Türkmene bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi
Şu gün paýtagtymyzda sanly ulgam arkaly “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen maslahat ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraldy.
30.03.2021
11361
Bulat Mansurow: türkmen kinosanyň taryhynda meşhur atlar
Martda zehinli kinorežissýor, ssenariçi, BDKI-niň mugallymy we kinoprodýuser Bulat Mansurowyň aradan çykanyna 10 ýyl doldy. Ol 1937-nji ýylda Türkmenistanyň Çärjew (häzirki Türkmenabat) şäherinde dogulýar. 1963-nji ýylda BDKI-niň režissýorlyk bolümini (S. Gerasimowyň we T.Makarowanyň ussahanasy) tamamlaýar.
29.03.2021
7821
Wiktor Sarianidini ýatlap: arheologiki açyşlaryň ruhuňy göterýän
Käwagt adamyň ykbalyny haýsydyr bir wakanyň kesgitleýänligi hemmelere mälimdir. Bir gezek ýetginjek Genrih Şlimana gadymyýetiň beýik şähyry Gomeriň «Iliada» kitabyny sowgat berýärler we Genrih şol rowaýaty şäheri tapjakdygyny aýdýar. Şeýdibem nemes bilesigelijisi 19-njy asyryň iň meşhur arheologina öwrülýär.
28.03.2021
12783
Döwlet Berdiýew: teatr meniň ykbalymda we teatrdaky ykbalym
Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Berdiýewe köplenç: «Seňki teatrda bolmasaňam, edil teatrda ýaly» - diýýärler. Dostlarynyň we kärdeşleriniň şeýle diýmeginiň sebäbi onuň kakasy – Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew, ejesi - Türkmenistanyň at gazanan artisti Narjan Berdiýewa, uýasy – aktrisa Aýnabat Berdiýewa. Kakasy bilen uýasy Baş drama teatryna, Döwlet bilen ejesem – Sazly-drama teatryna gulluk edýärler.
27.03.2021
5251
Türkmen skripkaçysy Jemal Agajanowa halkara bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp boldy
Fransiýanyň Nissa şäherinden ajaýyp habar gelip gowuşdy – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kirişli saz gurallary kafedrasynyň ikinji ýyl talyby Jemal Agajanowa mart aýynyň dowamynda onlaýn görnüşde 30 ýurduň sazandalarynyň gatnaşmagynda geçirilen halkara bäsleşikde «skripka» ugrundan II orna mynasyp boldy.
27.03.2021
6147
Däpler, nusgawy eserler, häzirki döwür: belli sazlaryň täzeçe beýany
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan saz bagyşlamalary tapgyryndan nobatdaky konsert boldy. TMK-nyň kafedralarynyň sekizisi tematiki we ýerine ýetirijilik gerimi bilen haýran galdyran täsirli konsert berdi.
25.03.2021
7418
Gözel paýtagtymyň waspyny edýärin: TMK-nyň talyplarynyň konserti
24-nji martda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda bolan konsertde ajaýyp ak mermer merjen şäherimiziň, şu ýyl 140 ýyllyk ýubileýini bellеýän paýtagtymyzyň adyna aýdym-saz bilen mähir-muhabbet, söýgi sözeri aýdyldy.
25.03.2021
4311
Nakgaş we awiamodelçi Myrat Hojagulyýewiň ykbal öwrümleri
Men Myrat Hojagulyýew bilen birnäçe ýyl mundan ozal «Köpetdag» stadionynda irden ylgaýan döwrüm tanyşdym. Ol futbol meýdançasynyň gyrasynda duran ýerinden uçaryň kiçiräk modeliniň uçuşyna ünsli syn edýärdi.
23.03.2021
32627
Moda we ýörelgeler: türkmen dizaýnerleri ýaz-tomus eşikleriniň tapgyry bilen tanyşdyrdylar
22-nji martda Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde ýurduň telekeçilik bileleşiginiň önümleriniň we hyzmatlarynyň sergisiniň çäklerinde garaşylýan täsirli waka – türkmen dizaýnerleriniň «Ýaz-tomus 2021» modaly lybaslarynyň görkezilişi boldy.