Medeniýet
18.04.2021
36079
18-nji aprel – Halkara ýadygärlikler we taryhy ýerler günüdir
1983-nji ýylda Ýadygärlikleri we gözel ýerleri goramak boýunça halkara geňeşiniň Assambleýasynyň (ICOMOS) başlangyjy bilen Halkara ýadygärlikler we taryhy ýerler güni (Bütindünýä mirasy güni) bellenildi. Ol her ýyl 18-nji aprelde bellenilýär.
17.04.2021
6333
Ýelena Dawidowiç we Boris Litwinskiý: iki şahsyýet, bir ykbal
Türkmensitanyň taryhyny we medeniýetini öwrenmäge saldamly goşant goşan ХХ asyr ajaýyp alym-arheologlarynyň arasynda Ýelena Abramowna Dawidowiçiň (1922-2013) we Boris Anatolýewiç Litwinskiniň (1923-2010) atlary aýratyn orun tutýar.
16.04.2021
6693
Akademik Galina Pugaçenkowa : Mihail Massonyň ruhdaşy
Mihail Ýewgenýewiç Masson – XX asyrda Orta Aziýanyň ylmy durmuşynda iň meşhur şahsyýetleriň biridir.
15.04.2021
10999
Suratkeş Tamara Kiselýowa: durmuşyň öwüşginleri
85 ýaşynyň toýuny Tamara Kiselýowa sergisini görmäge gelen tanyşlarynyň arasynda belledi. Olar hem suratkeşi gutlamak, hem onuň Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan sergisini synlamak üçin bu ýere ýygnandylar. Suratkeşi gutlamaga gelenleriň arasynda: sungatşynaslar Azat Annaýew, Oba Muhatowa, hudožnikler Saparmämmet Meredow, Natalýa Kalugina, Lýudmila Ulakina we heýkeltaraş Babasary Annamyradow we birnäçe surat muşdaklary bar.
13.04.2021
6651
Tar, akkordeon, dutar: sazda köpdürlülik we nusgawy ussatlyk mekdebi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda D. Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň akkordeonçylar orkestri çykyş etdi. Onuň dirižýory saz mugallymy Astanguly Baýromowdyr.
10.04.2021
19263
Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsümiň tomaşasyny görkezdi
Türkmen sirkiniň döredijilik topary täze möwsüme uly taýýarlykly geldi. Täsinlikleri, gyzyl-gyran gülüşdirýän masgarabazlary, çalasyn we gorkmazak türgenleri küýsän sirk muşdaklary tomaşa başlamazyndan öň zalyň içini doldurdylar. Çagalar üçin görkezilen şatlyk- şagalaňly çykyşlaryň kemi bolmady, çünki tomaşaçylaryň oturýan ýeri bilen manež aralygy olaryň ygtyýaryna berildi. Çagalar artistleriň gözegçiliginde atlara münüp, ýa-da zyňylanda ýene-de yzyna dolanyp gelýän bumerenglara güýmenip, wagtlarynyň nähili geçenini hem duýmadylar.
10.04.2021
7624
Sazandalaryň we bagşylaryň milli bäsleşigi jemlendi
9-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň medeniýet ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan «Dutar ýasamak senetçiligi, saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» bäsleşiginiň jemi jemlendi.
07.04.2021
10115
Türkmen sungatyndaky ägirt: Ýakup Annanurow
Bäş ýyl mundan owal, ýurduň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Watanymyzyň özbaşdaklygyny berkitmeklige uly goşant goşan meşhur şahsyýetleriň birnäçesi aradan çykandan soňra «Watana bolan söýgüsi üçin» medal bilen sylaglanyldy. Şolaryň arasynda Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk hudožnigi Ýakup Annanurowyňam ady tutuldy.
06.04.2021
9414
Sagdynlyk, sport, däpler: maksatlaýyn serginiň eksponatlary näme hakda gürrüň berýär
Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty Muzeýinde açylan sergi 7-nji aprelde, ýagny 1948-nji ýylda Saglygy goraýşyň Bütindünýä guramasynyň döredilen gününde bellenýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanýar. Sergi çeper suratlardan, amaly-haşam sungatyndan we fotosuratlardan ybarat.
03.04.2021
34157
Wadim Masson: Jeýtun arheologiki medeniýetini we Altyndepe siwilizasiýasyny açan adam
Köp sanly taryhy ýadygärliklere baý Türkmenistanyň çäginde ençeme zehinli arheologlar zähmet çekdiler we olaryň her biri gazuw işlerinde tapyndy subutnamalaryň çeşmelerini öwrenmeklige uly goşant goşdular. Türkmen topragynyň geçmişiniň syryny açmaklyga ömrüni bagyşlan meşhur alymlaryň hatarynda ýaşytdaş dostlar, birnäçe ylmy işleri bilelikde ýazan awtorlar: Wiktor Iwanowiç Sarianidi we Wadim Mihaýlowiç Masson ikisi hem bardy.