Resmi
18.11.2022
10046
Demir ýollaryň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň gorag zolaklarynyň bellenilmeginiň Tertibi tassyklanyldy
“Demir ýol ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, demir ýollaryň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň gorag zolaklarynyň bellenilmeginiň Tertibi tassyklanyldy.
16.11.2022
8823
2023-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň Sanawy tassyklanyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak we ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
13.11.2022
11164
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary
Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda
13.11.2022
10404
Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýasy tassyklanyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
11.11.2022
9541
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda
11.11.2022
8637
Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibi tassyklanyldy
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlary çekmek maksady bilen, şeýle-de “Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibi tassyklanyldy.
11.11.2022
6604
Aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň Tertibi tassyklanyldy
Aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almak bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmek, alynýan ýygymyň möçberini kesgitlemek maksady bilen, şeýle hem “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň Tertibi we şol alynýan ýygymyň möçberi tassyklanyldy.
10.11.2022
35371
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary
Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda
29.10.2022
8708
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.10.2022
13919
Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasaryny wezipesinden boşatdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Agajan Bekmyradow, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.