13.05.2023
9731
Türkmenistanyň Prezidentiniň A.Begliýew hakynda Permany
Aşyrguly Begliýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
13.05.2023
4988
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 6-njy tapgyry başlandy
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 6-njy tapgyry Aşgabatda we Maryda geçirilen üç oýun bilen başlandy.
12.05.2023
6989
Türkmenistanyň Prezidentiniň M.S.ÖWEZGELDIÝEW hakynda Permany
«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
12.05.2023
8010
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek hakynda Permany
«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
12.05.2023
5203
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň! Bu gün biz frontda we tylda görkezen gaýduwsyzlygy, edermenligi geljek nesiller üçin mertligiň aýdyň nusgasy bolan ata-babalarymyzyň hakydasynyň öňünde çuňňur hormat bilen baş egýäris.
12.05.2023
8036
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdirini wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň podpolkownigi Süleýman Amangulyýewiç Ataýew Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesine bellenildi.
12.05.2023
11071
2023-nji ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan «Açyk gapylar» hem-de daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlyk syýasaty ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda guralan köpugurly çäreler — iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
12.05.2023
10205
Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary himiýa boýunça 57-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda 4 medal gazandylar
Türkmenistanly mekdep okuwçylar topary Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti (Russiýa Federasiýasy) tarapyndan guralyp, Astanada (Gazagystan Respublikasy) geçirilen himiýa boýunça 57-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda ýurdumyzyň adyna mynasyp netije gazandylar.
12.05.2023
4812
Türkmenistanyň DIM-nde USAID bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew, Aşgabada iş sapary bilen gelen, ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Aziýa býurosynyň Dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Anjali Kaur bilen duşuşdy.
12.05.2023
14387
Türkmenistanda «Daragt» filmi ekrana çykdy
Golaýda Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» atly täze filmi Türkmenistanyň milli telewideniýesinde görkezildi. Mundan başga-da, tanyşdyryş güni köp sanly kino muşdaklaryny ýygnan «Aşgabat» kinoteatrynda onuň premýerasynyň görkezilişi boldy.