15.12.2025
10456
Ýurdumyzyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Şu gün paýtagtymyzda ýakymly we uzak garaşylan Täze ýyl baýramynyň hormatyna däp bolan dabaralaryň başlanýandygyny alamatlandyrýan ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi.
15.12.2025
4686
Mary welaýatynyň teatrynda Merimeniň eseri boýunça sahna oýny görkezildi
Daşary ýurtly ýazyjylaryň sahna eserleriniň hepdeliginiň çäklerinde Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda «Söýginiň ýolunda» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy.
15.12.2025
12631
Türkmenistanda hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat
15 – 21-nji dekabr aralygynda ýurdumyzyň köp ýerlerinde ýagyş we gar gatyşykly ýagyş ýagmagyna garaşylýar.
15.12.2025
3340
Asyrlardan aşyp gelen sungat
Türkmen halky gadymdan bäri rawylara, ozanlara we şahyrdyr bagşylara uly hormat goýýar. Eýsem-de bolsa, milli saz gurallary bolan dutardyr gyjak ýasaýan zehinli senetçileriň hormaty hem şundan pes däldir.
15.12.2025
3842
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
14.12.2025
4358
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi Türkmenistanyň «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size merdana halkymyzyň milli gymmatlygy bolan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de kämilleşdirmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.
14.12.2025
4186
Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy
Şu gün ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni dabaraly bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň mejlisler zalynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitler” atly baýramçylyk maslahaty geçirildi.
14.12.2025
4293
«Gurjaklar we oýunjaklar dünýäsi» atly amaly-haşam sungatynyň Täze ýyl mynasybetli guralan sergisi
Ýetip gelýän Täze ̶ 2026-njy ýyl mynasybetli «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde türkmen ussat gelin-gyzlarynyň halk döredijiliginiň nepis el işleriniň sergisi boldy. Serginiň esasy temasy Täze ýyl baýramy mynasybetli taýýarlanan gurjaklar we oýunjaklardyr. Sergä ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ussat zenanlar gatnaşdy. Hususan-da, Balkanabatdan Täzegül Udaýewa milli gurjaklaryň, Mary welaýatyndan Marina Lopatina bolsa miniatýura önümleriniň toplumyny getirdi.
14.12.2025
3200
Metbugat we hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça okuw geçirildi
ÝHHG-niň Aşgabat merkezinde ýörite ýerli blogçylara we mazmun döredijilere niýetlenen metbugat hem hukuk sowatlylygy boýunça gysga möhletli okuw geçirildi. Milli alyp baryjylaryň we halkara bilermen Adil Jalilowyň (Gazagystan) gatnaşmagynda geçirilen bu çärede jemgyýetçilik pikirini döredýänleri taýýarlamagyň strategik ähmiýeti nygtaldy.
14.12.2025
3096
Aşgabatda «Go Viral» taslamasynyň çäginde şäher festiwaly geçirildi
13-nji dekabrda «Iş Nokady» merkeziniň meýdançasy Merkezi Aziýanyň özboluşly paýtagtlaryny birleşdirýän bir ýere öwrüldi.