23.06.2025
4750
Medeniýet hepdeligi — 2025: ikinji gün
Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli dowam edýär. Giň gerimli medeni çäräniň ikinji güni halkymyzyň sungatynyň we medeni mirasynyň köpöwüşginliligini beýan edýän wakalara baý boldy.
23.06.2025
3631
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen toparlarynyň başlyklarynyň duşuşygy
2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň başlygy Raşid Meredow bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Hiroýuki Subaýyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
23.06.2025
3266
Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Milli kitaphanasynyň Baş direktory bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Milli kitaphanasynyň Baş direktory K.Gamsahurdiýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
23.06.2025
3317
Watikanyň Türkmenistandaky Apostol Nunsiaturasynyň Medeniýet meseleleri boýunça Attaşesi bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabatda işini tamamlaýan Watikanyň Türkmenistandaky Apostol Nunsiaturasynyň Medeniýet meseleleri boýunça Attaşesi Anjeý Madeý bilen duşuşygy geçirildi.
23.06.2025
3382
2025-nji ýylyň Medeniýet hepdeligi «Şükür bagşy» sahna oýny bilen açyldy
Ahal welaýatynda dabaraly ýagdaýda açylan Medeniýet hepdeliginiň birinji gününiň täsirli wakalaryndan biri «Şükür bagşy» sahna oýnunyň görkezilmegi boldy. Kaka etrabynyň studiýa teatrynyň topary tarapyndan sahnalaşdyrylan bu sahna oýny Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa ...» atly kitabyndan ylham alýar.
23.06.2025
5830
Türkmen karateçileri Bişkekde geçen Merkezi Aziýa çempionatynda 26 medal gazandy
Türkmen türgenleri Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçirilen karate-do (WKF) boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyndan Watana dürli derejeli 26 medal alyp gelerler.
23.06.2025
4648
Türkmenistanyň 12 ýaşa çenli tennisçi gyzlar topary Merkezi Aziýa çempionatynyň final tapgyryna çykdylar
Türkmenistanly tennisçi gyzlar şu ýyl Singapurda 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň (U12) arasynda geçirilýän tennis boýunça toparlaýyn Aziýa çempionatynda ilkinji gezek çykyş ederler.
23.06.2025
3284
Hazaryň kenarynda Halkara ýoga güni bellenildi
Her ýyl 21-nji iýunda bellenilýän Halkara ýoga güni mynasybetli ýoga muşdaklary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň kenarynda amaly sapagyny geçdiler.
23.06.2025
3267
Merkezi Aziýa – Hytaý: metbugatda hyzmatdaşlyk berkidilýär
22-nji iýunda Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça foruma we «Ýüpek ýoly» atly üçünji halkara aragatnaşyk maslahatyna gatnaşdy.
23.06.2025
3472
YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan karanama kabul edildi
2025-nji ýylyň 21-22-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti Stambulda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.