04.04.2025
3908
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Sebitde üpjünçilik taslamalar toplumyna Ýewropa Bileleşiginiň maýa goýum taýdan täsirli gatnaşmagynyň örän wagtynda ädilen ädim boljakdygyna ynanýaryn»
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkantda geçirilýän «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiniň mejlisinde eden çykyşynda sebitde üpjünçilik taslamalar toplumyna Ýewropa Bileleşiginiň maýa goýum taýdan täsirli gatnaşmagynyň geoykdysady we täjirçilik taýdan düýpli girdeji getirjekdigine hem-de Merkezi Aziýada ýewropa işewürliginiň uzak möhletli ornuny berkitmäge we giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
04.04.2025
4098
Tokioda «2025 – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlanan forum geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Tokiodaky Ilçihanasy Ýaponiýanyň dostlukly alyş-çalyş geňeşi bilen bilelikde guramagynda «2025 – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlanan medeni forum geçirildi.
04.04.2025
4179
Hormatly Prezidentimiz ykdysady ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berýändigini aýtdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkantda geçirilýän «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň mejlisinde Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda, energetika, ulag hem-de söwda pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berýändigini aýtdy.
04.04.2025
3395
BMG-niň Wenadaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Wena şäherindäki ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
04.04.2025
3621
Türkmenistanyň Prezidenti: «Garaýyşlaryň umumylygyndan ugur alyp, Merkezi Aziýany parahatçylykly, ykdysady taýdan özüne çekiji sebit hökmünde görýäris»
«Biz häzirki şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy sebitdäki we goňşy ýurtlardaky umumy ýagdaýlara netijeli täsir etmäge ukyply diýip pikir edýäris.
04.04.2025
4343
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde «Açyk gapylar» güni geçirilýär
Her ýylda däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw ýylynyň ahyrynda «Açyk gapylar» güni geçirilýär. Dalaşgärleri çekmek boýunça bu möwsüm ýokary okuw mekdepleri üçin hem, ýurtda geljekki hünärlerini saýlamak baradaky mesele bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýaşlar üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir.
04.04.2025
4342
Aşgabatda fitosanitar we weterinar barlag tertibini düzmek boýunça duşuşyk geçirdi
Şu ýylyň aprel aýynyň 1-3-i aralygynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Orta Aziýada serhet dolandyrylyşyna ýardam maksatnamasy Aşgabatda ýurt daşyndan getirilýän harytlaryň fitosanitar we weterinar barlagy boýunça adaty tertibini düzmek boýunça tehniki kömek ýygnagyny geçirdi.
04.04.2025
4118
«Ahal» topary erjellik bilen «Şagadam» toparyndan üstün çykdy, «Altyn asyr» topary bolsa «Köpetdag» toparyny uly hasap bilen utdy
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyry Aşgabatda we Türkmenbaşy şäherlerinde iki oýun bilen tamamlandy.
04.04.2025
4750
Görnükli sazanda Pürli Saryýewiň hatyrasyna konsert berildi
M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde görnükli sazanda Pürli Saryýewiň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Halypalaryň ussatlyk mekdebi» at bilen konsert geçirildi.
04.04.2025
4409
«Sagdyn durmuş – baş ýörelgämiz» atly maslahat geçirildi
3-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Sagdyn durmuş – baş ýörelgämiz» atly maslahat geçirildi. Maslahat ýurdumyzda her ýyl 7-nji aprelde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda boldy.