mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

27.02.2025

total-veiw

6987

Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda «ICT Start-up» innowasion taslamalarynyň bäsleşigine gatnaşjaklaryň bellige alynmagy dowam edýär

Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda innowasiýa taslamalary boýunça «ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary» atly bäsleşigine gatnaşjaklaryň bellige alynmagy dowam edýär. 

news-photo

27.02.2025

total-veiw

4886

Türkmen döwlet gurjak teatrynda täze sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy

Ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda geçirilen «Mähre doly eneleriň ýüregi» atly döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahnasynda Aýna Ataýewanyň eseri esasynda «Ene» atly spektaklynyň ilkinji görkezilişi boldy.

news-photo

27.02.2025

total-veiw

5078

«Ene» pýesasy her teatrda özboluşly sahnalaşdyryldy

M.Myşşyýewiň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ene» atly sahna oýnuny «Mähre doly eneleriň ýüregi» atly döredijilik bäsleşigi mynasybetli teatr toparlarynyň hersi özboluşly taýýarladylar.

news-photo

27.02.2025

total-veiw

3715

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi

2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow tarapyndan kabul edildi.

news-photo

27.02.2025

total-veiw

3425

Duşanbe şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Täjik milli uniwersitetinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

news-photo

27.02.2025

total-veiw

3653

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisi Batyr Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen duşuşyk geçirdi.

news-photo

27.02.2025

total-veiw

4425

Jahan Rejepowa 14 ýaşynda küşt boýunça Türkmenistanyň iň ýaş çempiony boldy

Zenanlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty garaşylmadyk ýagdaýda tamamlandy. Onda Lebapdan 14 ýaşly mekdep okuwçysy Jahan Rejepowa ýeňiş gazanyp, türkmen küşt taryhynda ýurduň iň ýaş çempiony boldy.

news-photo

27.02.2025

total-veiw

4140

«Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň işgärleri ýokary önümçilik görkezijilerini gazanýarlar

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň müdirlikleri has-da netijeli zähmet çekýärler. Olar konserniň Günbatar sebitiň çäklerindäki nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmekde saldamly işleri bitirýärler.

news-photo

26.02.2025

total-veiw

4072

Türkmenistan — Türkiýe: parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda

Hormatly Prezidentimiziň goldawlary netijesinde Türkmenistanyň Mejlisiniň dünýä ýurtlarynyň parlamentleri bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, 24-25-nji fewralda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýeti Türkiýäniň Ankara şäherinde iş saparynda boldy.

news-photo

26.02.2025

total-veiw

3960

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlarynyň halkara ykrarnamasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli hemaýat-goldawlary esasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ulanmaga berlen täze saglygy goraýyş desgalaryna halkara güwänamalaryň gowşurylmagy bolsa diňe bir lukmanlaryň däl, eýsem, ähli türkmenistanlylaryň hem buýsanjyny artdyrýar.

...3344