25.11.2024
4674
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Taryhy gymmatlyklarymyzy, edebi mirasymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak boýunça asylly işler amala aşyrylýar.
25.11.2024
3599
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy.
25.11.2024
3037
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
25.11.2024
4737
«Dünýäniň akyldarlary. Türkmenistan. Ata pendi» film-essesiniň ilkinji görkezilişi taýýarlanylýar
Nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bütin dünýäde giňden bellenýär. Türkmen halkynyň beýik oglunyň döredijilik mirasyny bütin dünýäde wagyz etmek işine birek-birege hormat goýmak, konstruktiw hyzmatdaşlyk, adalat we ýokary ruhy hem ahlak gymmatlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, döwletleriň we sebitleriň parahatçylykly we döredijilikli ösüşi ugrunda çykyş edýän Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi ýurtlarynyň Jemgyýetçilik palatasy hem goşuldy.
25.11.2024
5612
Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi
Aşgabatda şu ýylyň güýzi dostlukly ýurtlaryň medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilýän paslyna öwrüldi. Ýakynda geçen Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günlerinden soň Koreýa Respublikasynyň ilçihanasy-da 22-23-nji noýabrda öz medeniýet günleriniň çäginde türkmen halkyny medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyrdy.
25.11.2024
4971
Ulugdepäniň arheologiki baýlygy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hemişelik sergisiniň bir bölegi boldy
Gadymy Ulugdepe şäherçesi diýlip tanalýan «Uly depe» Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan täze serginiň merkezi bölegine öwrüldi.
25.11.2024
4248
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde halkara bäsleşikleriň ýeňijileri sylaglandylar
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde şu aýyň birinji on günlüginde geçirilen halkara bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
25.11.2024
5332
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça III halkara olimpiada başlandy
Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasynyň açylyş dabarasy boldy.
25.11.2024
5656
London şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik agşamy geçirildi
2024-nji ýylyň 22-nji noýabrynda London şäherinde Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasynyň binasynda Gündogaryň akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli döredijilik agşamy geçirildi.
25.11.2024
6193
Pekinde ylmy maslahat we Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde « Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy we Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklar» atly ylmy maslahat, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 100 sany saýlanan goşgularynyň hytaý dilindäki täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.