16.08.2024
4594
Ýurdumyzda ýörite goralýan tebigy ýerleri dolandyrmagyň aýratynlyklary boýunça okuw sapagy geçirildi
Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde ýörite goralýan tebigy ýerler üçin dolandyryş meýilnamasyny döretmek boýunça okuw maslahaty geçirildi.
16.08.2024
12209
Magtymguly Pyragynyň şygyrlary – öwüt-ündew hazynasy
Şeýle at bilen Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň hem-de Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramaklarynda hem-de döredijilik, medeniýet, bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen maslahat çuňňur many-mazmuna eýe boldy.
16.08.2024
5581
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan çäre gurady
2024-nji ýylyň 14-nji awgustynda Belarusyň Daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni gatnaşyklar jemgyýetiniň – Dostluk öýüniň binasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
16.08.2024
5677
Döredijilik duşuşygy Magtymguly Pyragynyň şygryýetine bagyşlanýar
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde taýýarlan «Magtymguly Pyragy – türkmeniň ruhy dünýäsiniň çeper keşbi» atly döredijilik duşuşygy bolup geçdi.
16.08.2024
4401
Türkmenistanyň wekiliýeti IX Hazar metbugat forumyna gatnaşýar
Türkmen metbugat gullugynyň wekiliýeti 16-17-nji awgustda boljak IX Hazar metbugat forumyna gatnaşmak üçin Astrahana bardy.
15.08.2024
67073
Ylym-bilim ulgamy — döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady
Ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek wezipesi duran giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
15.08.2024
6969
«Altyn asyr» futbol topary AFK-nyň täze ýaryşynda ilkinji çykyşyny üstünlikli tamamlady
Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň oýunçylary AFK-2 Çempionlar ligasynyň deslapky tapgyrynda myhmançylykda Hindistanyň «Ist Bengal» toparyny 3:2 hasabynda ýeňmek bilen, Aziýanyň täze klub ýaryşlarynda ilkinji çykyşyny üstünlikli amala aşyrdy.
15.08.2024
5812
Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bu ýylda 560 tonna künji taýýarlamaga niýet edýärler
Daşoguz welaýaty ýurdumyzda örän peýdaly we meşhur ýagly ekin – künji öndürýän iň uly önüm öndürijileriniň biri bolmagyny dowam etdirýär. Bu ýyl bu gymmatly önümden azyndan 560 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.
15.08.2024
5621
Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky Ilçisi Döwlet baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy
2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Lýublýana şäherinde Prezidentiň köşgünde Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.Aýdogdyýewiň (oturýan ýeri Moskwa şäheri) ýurduň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.
15.08.2024
6561
Arkadag şäherinde Halk Maslahatynyň ýakyn wagtda boljak mejlisine bagyşlanan çäreler geçirilýär
Şu günler tutuş ýurdumyz boýunça, şol sanda Arkadag şäherinde-de Halk Maslahatynyň ýakyn wagtda boljak nobatdaky mejlisine bagyşlanan ýygnaklar geçirilýär. Ýaňy-ýakynda «Arkadag» teleýaýlymy bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka barada Döwletmämmet Azady adyndaky şäher kitaphanasynda «Halk Maslahaty – jebisligiň we agzybirligiň nyşany» atly söhbetdeşlik geçirdi.