mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

10.10.2023

total-veiw

21893

Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenildi

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Her ýyl geçirilýän bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän abraýly forumlaryň birine öwrüldi.

news-photo

10.10.2023

total-veiw

5751

Türkmenistanyň wekilleri 2023-nji ýyldaky Delfiýa oýunlarynyň ýeňijileriniň hatarynda

Bişkekde GDA agza ýurtlarynyň XVII ýaşlar Delfiýa oýunlary tamamlandy. Şu ýylyň 6–10-njy oktýabry aralygynda Gyrgyzystandan, Russiýadan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Özbegistandan, Gazagystandan we Türkmenistandan gelen oglanlar we gyzlar döredijilik meýdançasynda öz başarnyklaryny we zehinlerini görkezdiler.

news-photo

10.10.2023

total-veiw

5279

Paýtagtymyzda saglygy goraýyş işgärlerine bagyşlanan suratkeşleriň sergisi açyldy

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi zalynda türkmen suratkeşleriniň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan eserleriniň sergisi açyldy.

news-photo

10.10.2023

total-veiw

6142

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» bäsleşiginiň III möwsüminiň başlanmagyna taýýarlyk

17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsümine saýlap alyş bäsleşiginiň ilkinji oýunyny geçirmäge taýýarlyk görýärler.

news-photo

10.10.2023

total-veiw

9929

Gündogar sebitde hassahanalaryň durky täzelenen binalary açylyp ulanylmaga berildi

Lebap welaýatynyň Dänew hem-de Saýat etrabynyň ýaşaýjylary hem-de saglygy goraýyş işgärleri Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde ajaýyp baýramçylyk sowgadyny peşgeş aldylar. Bu etraplaryň merkezlerinde «Bäş ýol» hususy kärhanasy tarapyndan durky täzelenen, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylan döwrebap hassahanalar dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. 

news-photo

10.10.2023

total-veiw

6035

Günbatar sebitde sement önümçiliginiň iş depgini ýokarlanýar

Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda eziz Diýarymyzyň gurluşyk senagaty düýpli ösüşleri başdan geçirýär. Bu ugurda sebitlerde amala aşyrylýan giň möçberli toplumlaýyn gurluşyk işleriniň depgini oňyn netijeleri berýär. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Balkansement» zawodynda durmuşa geçirilýän guwandyryjy işler hem oňa doly şaýatlyk edýär.

news-photo

10.10.2023

total-veiw

8406

«Dowamat» hojalyk jemgyýeti täze metjit gurýar

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň dolandyryş merkezinde «Dowamat» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan täze metjit gurulýar.

news-photo

10.10.2023

total-veiw

5879

Wena balyna gutlag

Pandemiýa zerarly iki ýyllyk arakesmeden soňra dünýäniň saz paýtagty Wena sizi ýene-de şäheriň gaýtalanmajak dünýäsine aralaşmaga we ýatdan çykmajak agşamy geçirmäge çagyrýar. Nusgawy sazyň Wena döwri diýip atlandyrylýan zamanynda bu şäher Gaýdn, Mosart, Bethowen ýaly meşhur kompozitorlara dünýä belli sazlaryny döretmäge ylham berdi.

news-photo

09.10.2023

total-veiw

4494

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

news-photo

09.10.2023

total-veiw

11056

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine

Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu ajaýyp hünär baýramynyň şanyna geçiriljek dabaralaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.


...3243