mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport

news-photo

24.07.2021

total-veiw

7455

Tokio Olimpiadasynda türkmen türgenleriniň çykyş etjek günleri kesgitlendi

Türkmen sportçularynyň Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryndaky çykyşlarynyň rejenamasy kesgitlendi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy bu Oýunlara sportuň dört görnüşi: agyr atletika, dzýudo, suwda ýüzmek we ýeňil atletika (çekiç zyňmak) boýunça dokuz türgen bilen gatnaşýar.

news-photo

23.07.2021

total-veiw

7013

Türkmen küştçüsiniň bürünç sylagy

Ýakynda Serbiýada bu ýurduň küşt federasiýasy tarapyndan gurnalan halkara ýaryş – International OPEN «Paracin 2021» tamamlandy. Dürli ýurtlardan gelen küştçüler iki derejeli toparda – «A» toparda iň güýçli türgenler, «B» toparynda bolsa sportuň bu görnüşiniň höwesjeňleri baýrak ugrunda göreşdiler.

news-photo

22.07.2021

total-veiw

5761

Türkmenistanyň Baýdagy XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda buýsançly parlaýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde gulluk iş saparynda bolýar.

news-photo

14.07.2021

total-veiw

8081

Çowgan türkmeniň at polosydyr

Çowganyň nämedigini hemmeler bilýänem däldir. Eýsem-de bolsa, ol gyzyklylygy bilen çakdanaşa özüne çekiji atçylyk bäsleşigidir, juwan türkmen söweşijileriniň taktik tälimine gadymdan ýardam edip gelýän milli baýramçylyklara adaty bolmadyk bir goşundydyr.

news-photo

09.07.2021

total-veiw

6447

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen Russiýanyň halkara olimpiýa uniwersitetiniň arasynda ylalaşyga gol çekildi

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy Russiýanyň halkara olimpiýa uniwersiteti (RHOU) – Soçi şäherinde (Russiýa Federasiýasy) ýerleşýän dünýäde ilkinji sport telekeçiligi bilimi ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekdi.

news-photo

17.06.2021

total-veiw

14137

Serdar Azmun: Türkmenistan çagalyk döwrümde uly futbol dünýäsine badalga berdi

«Men 9 ýaşymdakam maşgalamyz bilen Türkmenistanda ýaşaýan garyndaşlarymyza myhmançylyga bardyk», – diýip, 26 ýaşly, milleti türkmen bolan meşhur eýranly futbolçy Serdar Azmun, häzirki wagtda belli aktýor hem-de telewizion we «Pishgoo» gepleşiklerini alyp baryjy, ozalky eýranly futbolçy Pejman Jamşid bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, Eýranyň esasy habar beriş serişdeleri habar berýär.

news-photo

15.06.2021

total-veiw

10574

Onlaýn halkara ýaryşy — Ýewraziýa kubogy geçirildi

2021-nji ýylyň 22-23-nji maýy aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Uralsk şäherinde karate-do boýunça wideo ýazgy üsti bilen onlaýn halkara ýaryşy — Ýewraziýa kubogy geçirildi. Bu online halkara ýaryşyna Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparynyň agzalary hem gatnaşyp, guwandyryjy netijeleri gazandylar. Ol ýaryşa 20-ä golaý döwletden 500 töweregi türgen gatnaşdy. Şeýle uly ýaryşlara biziň türgenlerimiziň gatnaşmagy we ýeňiji bolmagy türkmen sportunyň abraýyny has hem beýgeldýär.

news-photo

09.06.2021

total-veiw

10640

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň wekilleri tennisi ösdürmek boýunça onlaýn derse gatnaşdylar

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň tälimçisi Andreý Dowmatow Halkara Tennis federasiýasynyň (ITF) milli hünärmenler guran üçin onlaýn -okuwyna gatnaşdy.

news-photo

29.05.2021

total-veiw

11072

Buharestde we Tbiliside Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary tarapyndan guralan welosiped ýaryşlary geçdi

Türkmenistanyň Buharestdäki ilçihanasy Rumyniýanyň döwlete degişli bolmadyk «Green Revolution» (Ýaşyl rewolýusiýa) guramasynyň ýardam bermeginde Bütindünýä welosiped gününe we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap welosiped ýaryşyny geçirdi. 

news-photo

26.05.2021

total-veiw

11637

Türkmen talyplary Kazanda geçirilen spartakiadada baýrakly ýeri eýelediler

Kazanda (Russiýa Federasiýasy) Tatarystan Respublikasyndaky daşary ýurtly talyplar üçin “Halklaryň dostlugy – 2021” atly spartakiada geçirildi. Ol sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary öz içine aldy. Bu barada Türkmenistanyň Baş konsullygynyň saýtynda habar berilýär.

...260