Sport
30.04.2026
3065
Pekinda «Türkmenistan — Hytaý: dostluk, saglyk we ekologiýa diplomatiýasy» atly welosiped ýörişi geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde köpçülik sporty we fiziki terbiýäni ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäginde, şeýle hem Türkmenistanda geçirilýän Saglyk Milli aýyna bagyşlanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Hytaýdaky Ilçihanasynyň diplomatlarynyň, türkmen we hytaý ýaşlarynyň gatnaşmagynda dabaraly welosiped ýörişi geçirildi.
29.04.2026
2353
Türkmenistanyň gandbolçylary Hytaýda zenanlaryň arasynda geçirilýän VI Aziýa kenarýaka oýunlarynda bürünç medal ugrunda bäsleşer
Türkmenistanyň gandbol boýunça zenanlar ýygyndy topary Hytaýyň günortasynda ýerleşýän Haýnýan adasynyň kurort şäheri bolan Sanýada tamamlanmaga golaýlaşan VI Aziýa kenarýaka oýunlarynda bürünç medal ugrunda bäsleşmäge hukuk gazandy. Bu barada ýarym final duşuşyklarynyň netijelerinden belli boldy.
29.04.2026
2112
«Arkadag» futbol topary öňdeligini barha berkidýär
«Arkadag» topary Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda öňdeligini barha berkidip, yz ýanyndan gelýän toparlardan 5 utuga çenli öňe saýlandy.
26.04.2026
2584
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda «Ahal» we «Altyn asyr» toparlary deňme-deň oýnadylar
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň esasy duşuşyklarynyň biri «Ahal» bilen «Altyn asyr» toparlarynyň arasynda geçirildi.
23.04.2026
4094
Aşgabatda bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi
Ýurdumyzda Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralaryň çäklerinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi.
23.04.2026
2314
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň final tapgyrynda çykyş ederler
Türkmen tennisçileri öz atlaryny taryha ýazmaklaryny dowam edýärler. Olar 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň final tapgyrynda çykyş etmäge ilkinji gezek hukuk aldylar.
22.04.2026
2914
«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky çempionatynyň sanawynda öňdeligi eýeleýär
«Arkadag» toparynyň futbolçylary Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky çempionatynda yzly-yzyna dördünji ýeňşini gazanyp, 4-nji tapgyryň açylyş duşuşygynda Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyny 3:2 hasabynda ýeňdi.
21.04.2026
3903
Ýurdumyzda uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi
Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi.
20.04.2026
3171
Türkmen türgenleri Rumyniýada geçirilen halkara ýaryşynda erkin göreş boýunça toparlaýyn hasapda birinji orny eýeledi
2026-njy ýylyň 16-19-njy apreli aralygynda Rumyniýa döwletiniň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda erkin we grek-rim göreşi boýunça “Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç” adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş etdiler.
16.04.2026
3355
Türkmen woleýbolçylary CAVA-2026 uniwersiadada ýeňiji boldular
Türkmen woleýbolçylary Özbegistanda tamamlanan «CAVA 2026 Men’s and Women’s Universiade Games» halkara ýaryşda altyn medal gazandylar.