Sport
21.09.2024
6287
Wengriýada geçirilýän Bütindünýä küşt olimpiadasynda türkmen küştçüleri Çernogoriýanyň toparyndan üstün çykdylar
Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary Budapeştde (Wengriýa) geçirilýän 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda altynjy ýeňşini gazandy. 9-njy tapgyrda olar 42-nji belgili Çernogoriýanyň toparyny (ortaça görkezijisi – 2142) gara mallar bilen 2.5:1.5 hasabynda utdylar.
20.09.2024
6111
Wengriýada geçýän Bütindünýä olimpiadada türkmen küştçüleri Islandiýanyň toparyny ýeňdi
Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary Budapeştde dowam edýän 45-nji dünýä küşt Olimpiadasynda yzygider ikinji we ýaryşda bäşinji ýeňşini gazandy.
19.09.2024
7874
Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary Kubanyň, erkekler bolsa Ýamaýkanyň toparyny ýeňdi
Budapeştde (Wengriýa) dowam edýän 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda türkmen toparlary ýene iki ýeňiş gazandy.
18.09.2024
4767
Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Bütindünýä küşt olimpiadasynda dördünji ýeňşini gazandy
Türkmenistanyň zenanlar topary Budapeştde geçirilýän 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda dördünji ýeňşini gazandy.
18.09.2024
8174
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilen şaşka boýunça bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenildi
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli şaşkaçylaryň bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşik Türkmenistanyň Şaşka milli merkezi, «Nebit-gaz» gazetiniň we «Ussatnews» elektron gazetiniň redaksiýalary bilen bilelikde guraldy.
16.09.2024
6560
Tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş başlandy
Paýtagtymyzda şu gün badalga alan tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşa Aşgabat, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan 113 türgen ýygnandy.
15.09.2024
10283
Halkara gimnastika federasiýasynyň başlygy Türkmenistanda boldy
Halkara gimnastika federasiýasynyň başlygy (FIG) Morinari Watanabe Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparyň çäklerinde iki günlük sapar bilen Türkmenistanda boldy.
14.09.2024
6720
Ýaş türkmen boksçularynyň ikisi BAE-de geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandylar
Türkmen türgenleriniň ikisi Al-Aýnda (BAE) geçirilen ýetginjekleriň, mekdep okuwçylarynyň we okuwçy gyzlaryň arasynda boks boýunça Aziýanyň çempionatynda bürünç medala mynasyp boldular
09.09.2024
4504
Türkmen zenan türgeni Parižde Paralimpiýa oýunlarynda para pauerlifting boýunça güýçlileriň altylygyna girdi
Türkmen türgeni Maýagözel Ekeýewa Parižde Paralimpiýa oýunlarynda para pauerlifting boýunça ýaryşda altynjy orny eýeledi. Aşgabatly 38 ýaşly halkara derejeli sport ussady 86 kilograma çenli agram derejesinde baýraklar ugrunda 10 türgeniň gatnaşmagynda güýç synanyşdylar.
08.09.2024
4693
Türkmen türgeni ilkinji gezek erkin göreş boýunça dünýä çempiony boldy
Türkmen sportunyň taryhyna täze ajaýyp sahypa ýazyldy. Ony Ispaniýanyň Pontewedre şäherinde tamamlanan 20 ýaşa çenli pälwanlaryň arasynda geçirilen erkin göreş boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistan üçin sportuň bu olimpiýa görnüşinde şeýle ýokary derejeli ýaryşlarda altyn medal gazanyp, Alp Arslan Begenjow ýazdy.