Sport
02.02.2026
2927
Türkmenistan gyzykly futbol baýramyna taýýarlyk görýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesine bardy.
02.02.2026
2197
Ýaş küştçüleriň arasynda Türkmenistanyň çempionlary kesgitlendi
Ýurdumyzda 8, 10, 12, 14, 16 we 18 ýaş toparlaryndaky oglan-gyzlaryň arasynda nusgawy küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşyň ýeňijileri kesgitlendi. Aşgabadyň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirilen bu bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatyndan takmynan 500 töweregi ýaş türgen gatnaşdy.
27.01.2026
4473
2026-njy ýylyň küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň erkekleriň düzümi kesgitlenildi
2 – 11-nji fewral aralygynda Aşgabatda ýurdumyzyň iň güýçli küştçüleriniň sekizisi iki aýlawda geçiriljek çempionlyk ugrundaky we Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna girmek ugrundaky bäsleşige gatnaşarlar.
26.01.2026
3949
2026-njy ýylyň küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň ýokary ligasynyň zenanlar düzümi kesgitlenildi
Aşgabat şäherinde 2 – 11-nji fewral aralygynda küşt boýunça zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony diýen ady almak ugrunda ýokary liganyň ýaryşy geçiriler.
24.01.2026
3936
FIFA-nyň bilermenleri Türkmenistanda futbolyň ösüş mümkinçiligine ýokary baha berdiler
Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) höwesjeň futbol boýunça hünärmeni Gaioz Darsadze (Gruziýa Respublikasy) hem-de FIFA-nyň hünärmeni Raimondas Statkewiçius (Litwa Respublikasy) Türkmenistana iş sapary bilen geldiler.
24.01.2026
2609
Türkmen tennisçileri Bahreýnde geçirilen ATF-niň halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler
Türkmenistanly tennisçi gyzlar şu gün Bahreýniň Isa-Taun şäherinde tamamlanan 14 ýaşdan uly bolmadyk türgenleriň arasynda geçirilen «A» derejeli halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler.
30.12.2025
9300
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 2025-nji ýylyň jemlerini jemledi
Paýtagtymyzda geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) 2025-nji ýylda bitiren işleriniň jemleri, şeýle hem sportuň bu görnüşini has-da ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň işine Milli federasiýanyň jogapkär işgärleri, Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen tälimçilerdir türgenler gatnaşdylar.
30.12.2025
10105
«Arkadag» topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän «Al-Nasr» topary bilen duşuşar
Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary meşhur portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu we dünýä futbolynyň beýleki ýyldyzlarynyň çykyş edýän Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary bilen AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda duşuşar.
28.12.2025
11036
"Arkadag" futbol kluby 2025-nji ýylda dördünji baýragy – Türkmenistanyň Kubogyny aldy
"Arkadagly" futbolçylar ilkinji gezek yzly-yzyna dört ýeňiş gazandylar. Olar finalda ýurduň wise-çempiony we AFK Çempionlar ligasynyň ýaryşlaryna iki gezek gatnaşan "Ahal" toparyny 2:1 hasabynda utmak bilen, AFK Çagyryş ligasyndaky ýeňşiniň, milli birinjilik ugrundaky ýaryşda alan altyn medallarynyň we Superkubogyň üstüne Türkmenistanyň Kubogyny hem goşdular.
27.12.2025
5661
Futbol boýunça 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Kubogy ugrunda «Arkadag» we «Ahal» toparlary bäsleşerler
Ikinji möhüm milli topar kubogyny – futbol boýunça 2025-nji ýylyň Türkmenistanyñ Kubogy ugrunda şu gün «Arkadag» bilen «Ahal» toparlary jemleýji tapgyrda duşuşarlar.