20.05.2025
6675
Wise-premýer B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde gulluk iş saparynda bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, şäher gurluşygy babatda tejribe alyşmak maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2025-nji ýylyň 21 — 23-nji maýy aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
20.05.2025
3877
Şu hepdede güneşli we şemally howa bolmagy garaşylýar
Türkmenistanda +40°C we ondan-da ýokary temperaturaly yssy howa dowam edýär. Käbir sebitlerde gysga wagtlyk ýagyş ýagmagy we güýçli şemal öwüsmegi mümkin.
20.05.2025
4688
Türkmen paýtagtynda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly geçirilýär
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Oňa hytaýly, fransiýaly, eýranly, russiýaly, ermenistanly, azerbaýjanly, özbegistanly, gyrgyzystanly we gazagystanly sungat işgärleri gatnaşdy.
20.05.2025
4518
Aşgabatda «Turkmentextile Expo-2025» halkara sergisi geçiriler
2025-nji ýylyň 11-13-nji iýunynda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Turkmentextile Expo-2025» halkara sergisi geçiriler.
20.05.2025
3388
Mazari-Şerifde Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi
2025-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygynda (Mazari-Şerif ş.) 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tegelek stol maslahaty geçirildi.
20.05.2025
3784
Moskwa şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Döwrüň we siwilizasiýalaryň baglanyşygy” atly halkara maslahat geçirildi.
20.05.2025
5085
«Altyn asyr» futbol topary «Ahal» toparyndan üstün çykyp, öňdäki toparlar bilen aralygy ýygjamladýar
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýyldaky futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygy paýtagtymyzyň «Altyn asyr» toparynyň «Ahal» toparyndan üstün çykmagy bilen tamamlandy – 3:1 hasabynda.
20.05.2025
4756
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli täze sahna oýny
Aşgabat şäheriniň güni ýetip gelýär we däp bolup galan düzgüne görä, ýurdumyzyň döredijilik toparlary tomaşaçylar üçin aýratyn sowgatlar taýýarlaýarlar.
20.05.2025
4726
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Tähran dialog forumyna – 2025 gatnaşdy
2025-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Tähran şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Syýasy we halkara barlaglar merkeziniň guramagynda Tähran dialog forumy – 2025 (Tehran Dialogue Forum) geçirildi.
19.05.2025
4145
Türkmenistanyň Prezidenti Rim Papasyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Onuň Ruhany hezretleri Papa Leo XIV-ä Rim Papasy hökmünde işe girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.