12.04.2025
4368
Ýurdumyzda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
Häzirki döwürde ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär.
12.04.2025
6515
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty geçirildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
12.04.2025
4444
«Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we dostlugyň mekany» atly brifing geçirildi
11-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we dostlugyň mekany» atly brifing geçirildi.
12.04.2025
4169
Dördünji Antalýa diplomatiýa forumynyň barşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti dördünji Antalýa diplomatiýa forumynyň (ADF 2025) işine gatnaşdy.
12.04.2025
4385
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine we “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatyndaky duşuşyga gatnaşdy
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
12.04.2025
5500
Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guralan bu çärä Nýu-Delide okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
12.04.2025
4415
Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen surat çekmek boýunça bäsleşigiň jemi jemlendi
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) guramagynda Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde okuwçylaryň arasynda surat çekmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sowgat gowşurylyş dabarasy geçirildi.
12.04.2025
4611
«Ahal» topary «Merw» toparyny utup, Türkmenistanyň futbol çempionatynda birinji orny eýeledi
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyry «Ahal» topary bilen Marynyň «Merw» toparynyň arasyndaky Aşgabat şäherinde geçirilen oýun ýokary liganyň klublarynyň arasynda başlandy.
11.04.2025
4165
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
11.04.2025
8144
Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.