29.11.2024
4712
Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkezi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
28.11.2024
4821
Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary, beýleki halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
28.11.2024
5003
Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
28.11.2024
6054
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen neşirde täze açyşlar, halkymyzyň taryhy-medeni, ruhy mirasy boýunça geçirilen gözlegleriň netijeleri, şol sanda golýazmalar, dil bilimini ösdürmegiň meseleleri, edebiýatşynaslyk hem-de ýurdumyzyň taryhy baradaky makalalar ýerleşdirilipdir.
28.11.2024
5430
Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezi dörediler
Aşgabatda tamamlanan «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň möhüm netijeleriniň biri-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň halkara ylmy-tehnologik parky bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hubeý welaýatynyň ylmy-tehniki alyş-çalyş merkeziniň arasynda Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezini döretmek barada gol çekişilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama boldy.
28.11.2024
4968
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy «Winter cup 2024» at bilen bäsleşik geçirýär
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy «Winter cup 2024» atly akyl-bilim bäsleşigini geçirýär. Bäsleşik 2024-nji ýylyň 8-nji dekabrynda bolar. Şunuň bilen baglylykda, islegi bolan toparlar bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar.
28.11.2024
6074
«Myradym – nesihat etmekdir halka...»
2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip yglan edilen ýylynda biziň halkymyzyň saýlap alan ýolunyň mukaddes ýoludygyny bellemek gereklidir.
28.11.2024
4130
Türkmen hünärmenleri Türkiýäniň ilat statistikasy boýunça tejribesini öwrenýärler
Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Adalat ministrligine we raýat hasaba alyş gullugyna degişli hünärmenleriň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 25 – 30-njy noýabry aralygynda Türkiýäniň Ankara şäherinde bolar.
28.11.2024
2974
Pariž şäherinde Halkara sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynyň 175-nji mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Pariž şäherinde Halkara sergiler býurosynyň (BIE) Baş Assambleýasynyň 175-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
28.11.2024
3827
Paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Şu hepdäniň dynç günleri dürli medeni çärelere baý bolar. 3-nji dekabrda “Watan” kinokonsert merkezinde Maýyplygy bolan adamlaryň halkara gününe bagyşlanan Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň konserti geçiriler. Çäre Ýewropa Bileleşiginiň we “Ýaş ýardamçy” HJ-niň kömegi bilen geçirilýär. Konsertiň başlaýan wagty sagat 18:00, hemmeler üçin giriş mugt.