mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

21.10.2024

total-veiw

4621

Ýurdumyzda bulutly we ýagyşly howanyň bolmagyna garaşylýar

Şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýagyş ýagar diýlip çak edilýär. Gündizlerine howanyň temperaturasy ortaça +26 gradus bolar.

news-photo

21.10.2024

total-veiw

5247

Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly giň medeni aragatnaşyk baýramyna öwrüldi

Aşgabatda tamamlanan halkara Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly diňe bir ýerine ýetiriş sungatynyň baýramçylygy, döredijilik gözlegleriniň we doganlyk ýurtlaryň teatr toparlarynyň gazananlarynyň sergisi bolman, eýsem, has giň medeni aragatnaşyk üçin ýerlik boldy.

news-photo

21.10.2024

total-veiw

10035

Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemäge taýýarlyk görülýär

3-nji noýabrda Türkmenistanda ilkinji gezek bellenjek Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçen mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan möhüm wakalaryň biri boldy.

news-photo

21.10.2024

total-veiw

4372

«Türkmen keşdesi – milli baýlygymyz» bäsleşiginiň netijeleri

Aşgabadyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar bileleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň sekretariatynyň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň guran «Türkmen keşdesi – milli baýlygymyz» bäsleşiginiň jemi jemlendi.

news-photo

21.10.2024

total-veiw

4960

Türkmenistan ITF bilen 2028-nji ýyla çenli tennisi ösdürmek meýilnamasyna gol çeker

Türkmenistan Halkara tennis federasiýasy (ITF) bilen ýurdumyzda sportuň bu görnüşini 2028-nji ýyla çenli ösdürmek meýilnamasyna gol çeker.

news-photo

21.10.2024

total-veiw

7155

Alabaý itleri türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr

Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen halkynyň medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde Türkmen alabaýynyň baýramy bellenýär.

news-photo

21.10.2024

total-veiw

5401

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 290 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy. 


20.10.2024

total-veiw

6393

Parahatçylyk döredijilikli syýasat we halkyň tutanýerli zähmeti — üstünlikleriň gözbaşy

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary öz beýanyny tapdy. Şol syýasatyň baş maksady ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmakdan, parahatçylyk döredijilik ýoluna ygrarlylykdan, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

news-photo

20.10.2024

total-veiw

6440

Ýurdumyzda TÜRKSOÝ-nyň teatr festiwaly tamamlandy

Şu gün paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly tamamlandy. Bu çäre 2024-nji ýylda gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegine hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.

news-photo

20.10.2024

total-veiw

6326

Türkmenistanly we daşary ýurtly suratkeşleriň suratlarynyň sergisi

Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň çäklerinde Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde alty ýurtdan – Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan we Türkmenistandan nakgaşlaryň işleriniň sergisi boldy.


...3272