03.09.2024
5524
Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça çäreler geçirilýär
Şu günler «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde kärhanalarda, guramalarda, mekdebe çenli çagalar baglarynda we okuw mekdeplerinde düşündiriş çäreleri geçirilýär. Ýaş nesliň arasynda düşündiriş işlerini geçirmäge aýratyn üns berilýär, sebäbi çagalar ulag-ýol hadysalaryna ýakyndyrlar.
03.09.2024
5355
Türkmen hünärmenleri Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) analitik merkezlerini ösdürmek boýunça foruma gatnaşdylar
Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekillerinden ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti «Howa wehimleri: toparlaýyn hereket üçin serhetleriň çäginden daşgary oýlanyş» atly sekizinji Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) analitik merkeziniň ösüş forumyna gatnaşdy.
02.09.2024
6198
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
02.09.2024
6429
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.
02.09.2024
5933
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
02.09.2024
5511
ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Sanly okuw hepdeligine badalga berildi
2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda «Bilim üçin dolandyrylýan tehnologiýalar» atly şygar astynda Sanly okuw hepdeligi 2024-e badalga berildi.
02.09.2024
6118
Türkmenistanda salkyn howa garaşylýar
Güýz paslynyň gelmegi bilen Diýarymyzda güneşli we salkyn howa dowam edýär. Täze başlanan iş hepdesinde howanyň temperaturasy +34, ýurdumyzyň käbir ýerlerinde bolsa +37 gradusa ýeter diýlip çak edilýär.
02.09.2024
5774
Türkmenistanyň teatrlary we sirkleri täze möwsümi açdylar
Türkmenistanyň teatrlary we sirkleri 1-nji sentýabrda spektakllary hem-de özüne çekiji sirk tomaşalary bilen täze möwsümi açdylar. Sahna eserleriniň aglabasy beýik nusgawy we akyldar şahyr Magtymguly Pyraga bagyşlandy.
02.09.2024
7496
Akyldar bilen elli bäş minut ýüzbe-ýüz
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler maksatnamasy paýtagtymyzyň teatr durmuşynda möhüm waka öwrüldi. Teatrlaryň ählisinde teatr möwsümi Magtymguly Pyragy hakyndaky spektakllar bilen açyldy. Ol teatr toparlarynyň agzybirligini, beýik akyldara hormatyny görkezdi.
02.09.2024
6730
Türkmenistanyň aýdym-saz topary Özbegistanda «Şark taronalari» festiwalynda birinji orun eýeledi
Samarkantda «Şark taronalari» («Gündogar mukamlary») atly XIII Halkara festiwaly dabaraly tamamlandy. Onda birinji orun eýelän Türkmenistanyň milli aýdym-saz toparynyň ýeňiş gazanmagy festiwalyň netijeleriniň garaşylmadyk ýakymly sowgady boldy.