mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

22.08.2024

total-veiw

12067

Elektroenergetika pudagy — milli ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm şerti

Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli senagatlaşdyrmak maksatnamalaryna laýyklykda, iri senagat kärhanalary guruldy we gurluşyklary dowam edýär. Durmuş-hojalyk, beýleki maksatly köp sanly desgalar ýaly, bu önümçilik toplumlary hem elektrik energiýasy bilen ygtybarly, bökdençsiz üpjün edilmegi talap edýär.

news-photo

22.08.2024

total-veiw

7600

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Çingiz Aýtmatow

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» atly medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini nygtaýar.

news-photo

22.08.2024

total-veiw

4661

Bagtyýar çagalygyň baýramy

Ýurdumyzyň paýtagtynda öz işini tamamlaýan «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy bu ýere gelen her adamda uly täsir galdyrýar.

news-photo

22.08.2024

total-veiw

9180

«Arkadag» futbol toparynyň AFK Çagyryş ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Şu gün AFK Çagyryş ligasynyň 2024/25 möwsüminiň Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) geçen bije çekişligiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň «Arkadag» toparyna Kuweýtiň «Al-Arabi» topary, Maldiwlerden «Maziýa sports änd rekrieýşn» we Gyrgyzystandan «Abdyş-Ata» topary garşydaş boldy.

news-photo

22.08.2024

total-veiw

5482

Moskwada «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly konsert boldy

21-nji awgustda «Dostlary üýşürýäris» atly XVIII halkara aýdym-saz festiwalynyň çäginde P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda türkmen edebiýatynyň düýbüni tutan nusgawy şahyr we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly konsert uly dabara bilen geçdi.

news-photo

22.08.2024

total-veiw

4655

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasy boýunça okuwa gatnaşýar

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň wekilleri ÝUNESKO-nyň 2003-nji ýyldaky Adamzadyň maddy däl medeni mirasy boýunça Konwensiýasynyň sanawlaryna hödürlenýän işleri taýýarlamak babatda okuwlara gatnaşýarlar.

news-photo

22.08.2024

total-veiw

5546

Kitap sergisi Eýranyň taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrýar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň daşary ýurt edebiýaty bölüminde «Dünýä döwletleri: Eýran» atly kitap sergisi guraldy. Onda okyjyny goňşy döwletiň gadymy taryhy, baý medeniýeti, däp-dessurlary we çeper edebiýaty bilen tanyşdyrýan kitaplar goýlupdyr.

21.08.2024

total-veiw

14504

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegi we sportuň dabaralandyrylmagy milli taglymata öwrüldi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe, sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Adam, onuň abadan durmuşy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunlukda, ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketi ýylsaýyn barha giň gerime eýe bolýar.

news-photo

21.08.2024

total-veiw

5452

Türkmenistanyň futbol boýunça 2024-nji ýyl Kubogy başlandy

Türkmenistanyň futbol boýunça kubogynyň 33-nji möwsümi Aşgabatda we Balkanabatda üç sany çärýek final oýny bilen başlandy.

news-photo

21.08.2024

total-veiw

6641

Gyrgyzystanda geçen Dünýä Kubogynda türkmenistanly samboçylar 10 medal gazandy

Türkmen samboçylary Çolpon-Atada (Gyrgyzystanyň Yssyk-Kul welaýaty) geçirilen Dünýä Kubogynda dürli derejeli 10 medal gazandylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysyna Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde habar berildi.

...3270