24.08.2024
5620
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
23.08.2024
11416
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek — Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň strategik ugry
Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, olaryň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şunda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meselesi hem bar. Bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir.
23.08.2024
5828
Türkmen hünärmenleri Eýranyň ylmy-tehnologiki parkynyň işi bilen tanyşdylar
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ylmy-tehnologik merkeziniň direktory A.Akkaýew we ýokary tehnologiýalar fizikasy kafedrasynyň mugallymy A.Babaýew Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan – Rezawi welaýatynyň ylmy-tehnologik parkyna baryp gördüler.
23.08.2024
5460
«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça tapgyry geçirildi
Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda guralýan dürli medeni çäreler Balkan welaýatynda hem ýokary derejede ýaýbaňlandyrylýar.
23.08.2024
5102
Daşoguz welaýatynda gyş sarymsagyň ekişine girişdiler
Güýzüň başlamagynyň öňüsyrasynda Daşoguz welaýatynda gyş sarymsagyny ekmek işleri başlandy. Bu ýerde sarymsak üçin ýene-de 780 gektar ýer bölünip berlipdir.
23.08.2024
4685
Möhüm möwsüme guramaçylykly taýýarlyk
Ýurdumyzyň esasy milli baýlyklarynyň biri – pagtanyň bol hasylyny kemala getirmekde baý iş tejribesini toplan Lebap welaýatynyň pagtaçy-kärendeçileri şu oba hojalyk ýylynda hem gowaçanyň bitginli hasylyny kemala getirdiler.
23.08.2024
4898
Eko-kwest, kiçi futbol, körpeleriň arasynda emedeklemek boýunça marafon. «Kids Expo» ýakymly ýatlamalara eýe etdi
22-nji awgustda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işini tamamlady. Möçberi boýunça giň gerimli forum, hakykatdan-da, tamamlanyp barýan tomsuň iň ajaýyp wakasyna öwrüldi.
23.08.2024
4305
«Frontier Works Organization» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistanyň «Frontier Works Organization» kompaniýasynyň prezidenti we baş inženeri Kaşif Nazir bilen duşuşdy.
23.08.2024
5545
Kiýewde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeper okalyşy geçirildi
2024-nji ýylyň awgust aýynda Kiýew şäherinde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeper okalyşy geçirildi. Çärä häzirki zaman ukrain alymlary we şahyryň goşgularynyň terjimeçileri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
23.08.2024
4384
Türkmen we rus hünärmenler deňiz we derýa ulaglary pudagy üçin işgärleri taýýarlamagy ara alyp maslahatlaşdylar
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleriniň Russiýa Federasiýasynyň General-admiral F.M.Apraksin adyndaky deňiz we derýa ulaglarynyň Kaspiý institutynyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşygynda Türkmenistan üçin deňiz we derýa ulaglary boýunça hünärmenleri taýýarlamak pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.