mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

31.07.2024

total-veiw

3949

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nurgeldiýew Aýdogdy Geldimämmedowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

news-photo

31.07.2024

total-veiw

3566

Türkmenistanyň we Türkiýäniň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Halkara energetika hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistan häzirki döwürde işjeň syýasaty alyp barýar. Daşary ýurt döwletleri, halkara guramalary we dünýäniň esasy energetika kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir.

news-photo

31.07.2024

total-veiw

16634

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary başlandy

Şu gün Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça okuwa girjek dalaşgärler üçin giriş synaglary başlandy.

news-photo

31.07.2024

total-veiw

6381

Ýokary hilli gurluşyk materiallary – gurluşyk meýdançalaryna

Berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmek maksady bilen, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň has-da ilerlemeginde ýurdumyzyň çäginde hereket edýän, ýokary hilli gurluşyk materiallaryny öndürýän kärhanalar möhüm ähmiýete eýedir.

news-photo

31.07.2024

total-veiw

7114

GDA-nyň baş edarasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň konsepsiýasy bilen tanyşdyryldy

GDA agza döwletleriň hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň 30-njy iýulda Minskide geçirilen Arkalaşygyň ýanyndaky kanuny we beýleki guramalarynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara baglanşygy – häzirki zaman parahatçylygyň we ösüşiň esasydyr» halkara forumyň konsepsiýasy barada habar bilen çykyş etdi.

news-photo

31.07.2024

total-veiw

5357

Ideg işleri guramaçylykly dowam edýär

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda 2024-nji – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin 10 müň 200 gektar ýerde şaly ekilip, ondan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almaklyk göz öňünde tutulýar.

news-photo

30.07.2024

total-veiw

5557

Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi.

news-photo

30.07.2024

total-veiw

4616

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

Gurban baýramy mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn. Beýik Allatagaladan abadançylyk, bereket dileýärin.

news-photo

30.07.2024

total-veiw

4399

Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşide, Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudanä hem-de ýurduň ähli halkyna iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 15 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

30.07.2024

total-veiw

6406

Giň gerimli gurluşyklar — täze taryhy döwrüň aýdyň nyşany

Şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlar milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda gurluşyk pudagynyň hem durnukly ösýändigini aýdyň görkezdi. Ýanwar — iýun aýlarynda gurluşykda jemi içerki önümiň ösüşiniň iň ýokary görkezijileriniň birine, ýagny 9,3 göterime ýetildi. Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýum serişdeleri özleşdirildi. Bu, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür. Şu ýylyň birinji ýarymynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli harytlary öndürýän täze kärhanalaryň döredilendigi, köp sanly senagat desgalarynyň gurlup ulanmaga berlendigi aýdyldy.

...3269