09.05.2024
5805
Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasy – 2024-iň ýaryşynda iki topar öňdeligi paýlaşýar
Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasy – 2024-iň ýaryşynda iki topar öňdeligi paýlaşýar. Iki tapgyrdan soň 6 utuk toplan «Deňizçi» we «Senagatbank» toparlary öňdeligi eýeleýärler.
09.05.2024
10523
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» bäsleşiginiň III möwsüminiň ýeňijileri belli boldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly taslamasynyň III möwsüminiň jemleýji tapgyry geçirildi.
09.05.2024
4558
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 1941 — 1945-nji ýyllar dünýä taryhynyň iň gazaply we hasratly döwri bolup, basybalyjylykly, talaňçylykly uruş millionlarça adamy pida etdi, öwezini dolup bolmajak ýitgilere getirdi, ýüreklere öçmejek ýaralary saldy. 1418 güne çeken bu gazaply urşuň ilkinji günlerinde biziň watandaşlarymyzyň müňlerçesi fronta meýletin gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler hem-de orden-medallar bilen sylaglandylar. Gazaply söweş meýdanlarynda wepat bolan we Ýeňiş bilen öýlerine dolanan türkmenistanly esgerleriň atlary «Hatyra», «Şöhrat» atly köp jiltli neşirlere girizildi.
08.05.2024
4430
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Garaşsyz Watanymyzda medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary ulanmaga bermek, täze önümçilikleri işe girizmek indi asylly däbe öwrüldi.
08.05.2024
5644
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlady.
08.05.2024
4622
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
08.05.2024
8421
Aşgabat şäheriniň häkimligine paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň gündogar tarapynda çagalar bagyny gurmak barada “Berk Gala Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň gündogar tarapynda 320 orunlyk çagalar bagynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Berk Gala Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
08.05.2024
8952
Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy
Şu gün Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.
08.05.2024
6288
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Awstriýada iş saparynda
5-nji maýdan bäri Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň iki mugallymyndan hem-de iki talybyndan ybarat türkmen wekiliýeti Awstriýanyň Grask tehniki uniwersitetinde iş saparynda bolýarlar.
08.05.2024
5306
«Aşgabat» topary «Şagadam» toparyndan üstün çykdy
«Aşgabat» futbol topary ýokary liganyň klublarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň açylyş oýnunda «Şagadam» toparyny ýeňdi. Paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçen duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy.