29.01.2026
3583
«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçiriler
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat ýene-de dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezine öwrüler. 2026-njy ýylyň 18-nji martynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forum geçiriler.
29.01.2026
2835
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Koreýada hünär ýokarlandyryş okuwyny geçýärler
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekilleri – koreý dili mugallymy A.Seýitberdiýewa hem-de «Mugallymçylyk bilimi» (koreý dili, türkmen dili we edebiýaty) taýýarlyk ugrunyň talyplary «Feel Korea with KNU» atly koreý dili we medeniýeti boýunça gysga möhletli bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar.
28.01.2026
12006
Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhraty belende galýar
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen häzirki wagtda dünýä atşynaslygynyň nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewleriniň şöhraty has-da belende galýar.
28.01.2026
2412
YHG-nyň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça möhüm ädimler
2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
28.01.2026
2355
Türkmenbaşy we Baku Halkara deňiz portlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň direktory Parahat Jumaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti “Baku halkara deňiz porty” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň direktory Eldar Salahow bilen duşuşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gurbanmämmet Elýasow hem gatnaşdy.
28.01.2026
2337
Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi
2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Ýunus Emre adyndaky institutda Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününe bagyşlanan çäre geçirildi.
28.01.2026
4744
Arkadag şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň çäklerinde sanly standartlara laýyk gelýän täze desgalaryň 220-den gowragy gurlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy boýunça iş maslahatyny geçirdi. Medeni-durmuş maksatly desgalaryň giň gerimli gurluşygy we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy maslahatyň üns merkezinde boldy.
28.01.2026
3678
Kenarýaka Türkmenbaşy şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda uludan toýlanylýan Watan goragçylarynyň güni mynasybetli guralýan täsirli çärelerdir dabaralar has-da giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin Türkmenbaşy şäherinde ulanylmaga berlen iki sany 4 gatly, her biri 24 öýli täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy hem aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.
28.01.2026
2519
Talyplar materiallaryň garşylygy dersinden V Açyk halkara internet olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny materiallaryň garşylygy dersi boýunça V Açyk halkara internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.
28.01.2026
1284
Aşgabatda «Özbegistan – 2030» strategiýasy hödürlendi
28-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Özbegistan – 2030» strategiýasynyň mazmunyna we onuň täzelenen taslamasyna bagyşlanan brifing geçirildi.