mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

11.02.2024

total-veiw

8133

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr

Geçen hepdede geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça beýan eden başlangyçlary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, ilatyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

11.02.2024

total-veiw

8674

Aşgabat şäheriniň häkimligine Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda mekdepleriň we çagalar bagynyň gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

11.02.2024

total-veiw

7661

Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaý we Abu-Dabi şäherlerinde gulluk iş saparynda bolar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan Arkadag şäheri “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan, ýaşamak üçin iň döwrebap amatlyklar döredilen sebitde deňi-taýy bolmadyk şäherdir. Arkadag şäherini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, hususan-da, emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, bilim, şäherleşme, saglygy goraýyş ulgamlarynda täzeçil çemeleşmeleri bu şähere ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

news-photo

10.02.2024

total-veiw

5760

Eziz Diýarymyzda 2024-nji ýylda ençeme binalaryň we desgalaryň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalaryň we binalaryň gurluşygyna badalga berler, şeýle hem birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belledi.

news-photo

10.02.2024

total-veiw

8321

Türkmenistanda 2023-nji ýylda 80 milliartdan gowrak kub metr tebigy gaz we 8 milliondan gowrak tonna nebit çykaryldy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işgärleri tarapyndan 2023-nji ýylda 80 milliartdan gowrak kub metr tebigy gaz we 8 milliondan gowrak tonna nebit çykaryldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow hasabat berdi.

news-photo

10.02.2024

total-veiw

5939

2023-nji ýylda ýurdumyzyň jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime barabar boldy

2023-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime barabar boldy. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýtdy.

news-photo

10.02.2024

total-veiw

7753

Saragt Babaýewiň ussahanasynda iş gyzgalaňly dowam edýär

Ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda görnükli türkmen akyldar şahyrynyň kaşaň heýkelinden başga-da, adamzadyň dünýä ruhy hazynasyna giren daşary ýurtly şahyrlardyr akyldarlaryň heýkelleri ýerleşdiriler.

news-photo

10.02.2024

total-veiw

4521

Arkadag şäheriniň muzeýinde Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň muzeýleri geçmişiň we häzirki döwrüň milli medeni gymmatlyklarynyň ammary hökmünde olary halkyň, esasanam, ýaş nesliň arasynda tanatmak boýunça köp iş edýär. 

news-photo

10.02.2024

total-veiw

8220

Gadymy Merw – senetçiligiň we söwdanyň iri merkezi

Beýik Ýüpek ýolundaky möhüm ýer bolan Gadymy Merw diňe bir söwda merkezi bolman, eýsem, halk senetleriniň mekanydyr.

news-photo

10.02.2024

total-veiw

8104

Kazanda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygy (Kazan ş.) Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.

...3322