01.02.2024
12493
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy
Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi.
01.02.2024
5492
Türkmenistan bilen Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşligi barada
2024-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň dowamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
01.02.2024
6377
Maldarçylyk ulgamy: dowarlar dok we ýyly gyşladylýar
Lebap welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümine taýýarlykly gelinmegi mallaryň dok we ýyly gyşladylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
01.02.2024
7816
Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti R.Metreweliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
01.02.2024
6738
Türkmenistanyň Ilçisiniň Katar Döwletiniň Bilim we ýokary bilim ministri bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 30-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Bilim, terbiýe we ýokary bilim ministri Buthaina bint Ali Al Jabr Al Nuaimi bilen duşuşygy boldy.
01.02.2024
6460
Kataryň Söwda-Senagat edarasynda geçirilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Söwda–senagat edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Mohammed bin Ahmed Tawar Al Kuwary bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.
01.02.2024
5726
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň arasynda duşuşyk
2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
01.02.2024
4491
«RŽD logistika» kompaniýasy Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşalyşyny ösdürmek mümkinçiliklerini öwrenýär
Russiýanyň «RŽD logistika» kompaniýasynyň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwaty we Türkmenistanyň demirýollarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin iş saparyny amala aşyrdylar.
01.02.2024
3540
Ýurdumyzyň hünärmenleri saglygy goraýyş pudagynda maglumat standartlaşdyrylyşy bilen tanyşýarlar
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň wekilleri, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan bolan kärdeşleri bilen saglyk pudagynda toplanan maglumatlary standartlaşdyrmak boýunça webinara gatnaşdylar.
01.02.2024
4551
Aşgabat – Kuala-Lumpur aralygyna uçar petekleri elýeterli bahadan satylýar
2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndan 30-njy martyna çenli Aşgabat – Kuala-Lumpur – Aşgabat ugruna uçar petekleri arzanladylýar.