25.03.2026
2110
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Nowruz baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň!
25.03.2026
1532
Türkmenistanyň energetika strategiýasy — sebitde durnukly ösüşiň möhüm şerti
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesine laýyklykda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasat halkymyzyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
25.03.2026
2053
Ýurdumyzda gowaça ekişine badalga berildi
Düýn tutuş ýurdumyz boýunça möhüm oba hojalyk möwsümine — gowaça ekişine badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary ekişe köpçülikleýin girişdiler.
25.03.2026
1267
Ýewropa Komissiýasynyň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Baş müdirliginiň Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça bölüminiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Komissiýasynyň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Baş müdirliginiň (DG INTPA) Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Şarlotta Adrianyň arasynda duşuşyk geçirildi.
25.03.2026
1218
Türkmenistanyň DIM-inde gender deňligi babatda CEDAW-yň maslahatlaryny ýerine ýetirmek boýunça amaly ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň DIM-nde Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça komitetiň (CEDAW) maslahatlaryny, şeýle hem gender deňligini üpjün etmek babatda Ählumumy döwürleýin synyň maslahatlaryny ýerine ýetirmek meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi.
25.03.2026
1653
Türkmenistanly talyp gyz rus dili boýunça «ÝaRus» XVII halkara olimpiadasynda I orny eýeledi
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby Läle Rzagulyýewa Russiýa Federasiýasynyň Sibir federal uniwersiteti tarapyndan talyplaryň arasynda guralan rus dili boýunça «ÝaRus» XVII halkara olimpiadasynda I orny eýeledi.
25.03.2026
498
Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan Hindistan – Türkmenistan gatnaşyklary şu gün täze many-mazmuna eýe bolýar
Halklaryň arasyndaky gatnaşyklar köplenç diňe soňky onýyllyklar bilen däl-de, eýsem asyrlaryň dowamynda kemala gelen umumy medeni gymmatlyklar bilen hem ölçelýär. Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysynyň sowallaryna jogap berip, Nýu-Deli bilen Aşgabadyň arasyndaky häzirki zaman gatnaşyklary baradaky garaýyşlaryny paýlaşdy. Ol özygtyýarly döwletleriň gatnaşyklarynyň düýp esasyny gadymyýetiň iki beýik siwilizasiýasynyň arasyndaky dialogyň düzýändigini aýratyn nygtady.
25.03.2026
2330
Tennis boýunça açyk ussatlyk sapagy geçiriler
28-nji martda paýtagtymyzyň «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde köpçülikleýin sport çäre – tennis boýunça açyk ussatlyk sapagy geçiriler. Sagat 19:00-dan 22:00-a çenli dowam etjek bu çäre sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek boýunça döwlet strategiýasynyň çäginde Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan geçirilýär.
25.03.2026
1174
Babadaýhan dokma toplumyndan «Mäne» hojalyk dokma önümleri
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Babadaýhan dokma toplumy «Mäne» haryt nyşanly parçasy ýokary hilli pagtadan hojalyk dokma önümlerini öndürmekde ýöriteleşýär.
25.03.2026
1781
Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda küşt boýunça ilkinji toparlaýyn ýaryş başlandy
Aşgabatda Türkmenistanyň toparlaýyn küşt çempionatynyň – bu paýhas sportunyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrýan möhüm wakanyň açylyş dabarasy boldy. Aýlawly görnüşde geçirilýän bu ýaryşy paýtagtymyzyň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi gurady.