25.03.2026
1621
Türkmenistanly tennisçiler Dewisiň Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynda birinji orny eýelediler
Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde 15 toparyň gatnaşmagynda geçirilýän 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagy boýunça saýlama tapgyrynda türkmen tennisçileri şowly çykyşlaryny dowam etdirýärler.
25.03.2026
376
Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan Hindistan – Türkmenistan gatnaşyklary şu gün täze many-mazmuna eýe bolýar
Halklaryň arasyndaky gatnaşyklar köplenç diňe soňky onýyllyklar bilen däl-de, eýsem asyrlaryň dowamynda kemala gelen umumy medeni gymmatlyklar bilen hem ölçelýär. Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysynyň soraglaryna jogap berip, Nýu-Deli bilen Aşgabadyň arasyndaky häzirki zaman gatnaşyklary baradaky garaýyşlaryny paýlaşdy. Ol özygtyýarly döwletleriň gatnaşyklarynyň düýp esasyny gadymyýetiň iki beýik siwilizasiýasynyň arasyndaky dialogyň düzýändigini aýratyn nygtady.
25.03.2026
1374
Türkmenistanly talyp gyz rus dili boýunça «ÝaRus» XVII halkara olimpiadasynda I orny eýeledi
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby Läle Rzagulyýewa Russiýa Federasiýasynyň Sibir federal uniwersiteti tarapyndan talyplaryň arasynda guralan rus dili boýunça «ÝaRus» XVII halkara olimpiadasynda I orny eýeledi.
25.03.2026
2299
Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti Konstantinos Tasulasa Gresiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
24.03.2026
1766
Türkmenistan — Hytaý: baky dostlugyň ýyl ýazgysynda täze sahypa
Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparyny amala aşyrdy. Aýratyn ynanyşmak ýagdaýynda geçen bu sapar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň Ýewraziýada durnuklylygyň arhitekturasyny kesgitleýän hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykandygynyň aýdyň güwäsi boldy.
24.03.2026
1813
Türkmenistanyň DIM-inde Uganda Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Uganda Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Genri Oriýem Okellonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
24.03.2026
2614
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady
Tebigatyň janlanýan, daş-töweregiň al-elwan güllere beslenýän günlerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady.
24.03.2026
1629
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Abbas Arakçiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
24.03.2026
1376
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk
2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy.
24.03.2026
2456
Özboluşly muzeýi
Daşoguz şäherinde geçirilýän «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly dessançy bagşylaryň festiwalynyň geçiriljek günlerinde, oňa gatnaşyjylar welaýat merkezinde ýerleşýän bagşylar muzeýine baryp görmegi meýilleşdirýärler.