Ylym
07.03.2025
3390
Türkmen alymlary damjalaýyn suwaryş üçin biokompozit inýektoryny döretdiler
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy- tehnologiýa parkynyň alternatiw energiýa çeşmeleri we ölçeg gurallary barlaghanasynda tehniki ylymlaryň kandidaty Meretmuhammet Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygynda damjalaýyn suwaryş üçin biokompozit inýektor işlenip düzüldi.
06.03.2025
3613
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly taslamasynyň IV möwsüminiň VI oýny geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly hünär ugurly taslamanyň IV möwsüminiň VI saýlama oýny geçirildi. Bäsleşik ýokary okuw mekdep hem-de onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan geçirilýär.
05.03.2025
3918
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky hyzmatdaşlyga çagyrýar
Geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekip, ýurduň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkezine Halkara ylmy-tehnologiýa parky derejesini bermegi tabşyrdy.
05.03.2025
4716
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty talyplaryň arasynda hakaton bäsleşigini geçirer
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 9 – 10-njy aprelde sanly ulgam arkaly «Programma üpjünçiliginiň ussatlygy» atly hakaton bäsleşigini geçirer.
03.03.2025
4530
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçen halkara maslahatda daşary ýurt dillerini okatmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 33 ýyllygy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sanly ulgam arkaly «Dil – hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usulyýet maslahaty geçirildi.
28.02.2025
4577
M.W.Lomonosow adyndaky MDU-nyň hünärmenleri onlaýn görnüşde sapak geçýärler
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň başlangyjy bilen onlaýn görnüşde hünär ýokarlandyryş okuwlary başlandy.
27.02.2025
5712
Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda «ICT Start-up» innowasion taslamalarynyň bäsleşigine gatnaşjaklaryň bellige alynmagy dowam edýär
Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda innowasiýa taslamalary boýunça «ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary» atly bäsleşigine gatnaşjaklaryň bellige alynmagy dowam edýär.
25.02.2025
4527
Türkmen talyplary Indoneziýada geçirilen V halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasynda altyn medal eýelediler
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň ikisi – 3-nji ýyl talyby Süleýmanmuhammet Şamuhammedow we 2-nji ýyl talyby Aýmyrat Halnazarow uniwersitetiň mugallymy Atamyrat Altyýewiň ýolbaşçylygynda 21-25-nji fewral aralygynda Indoneziýanyň Malang şäherinde geçirilen V halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasynda (YISF) altyn medal gazanyp, ýurdumyza mynasyp wekilçilik etdiler.
24.02.2025
4424
Türkmenistanyň topary Indoneziýada V halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasyna gatnaşýar
Düzüminde mugallym Atamyrat Altyýew, üçünji ýyl talyby Süleýmanmuhammet Şamuhammedow we ikinji ýyl talyby Aýmyrat Halnazarow bolan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti Indoneziýanyň Malang şäherinde şu ýylyň 21–25-nji fewraly aralygynda geçirilýän V halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasyna (YISF) gatnaşýar.
21.02.2025
4987
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň prorektory Koreýada geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Selbi Batyrowa Kanwon milli uniwersitetiniň başlangyjy bilen Koreýa Respublikasynyň Seul we Çhunçhon şäherlerinde geçirilen «Bilelikdäki geljek: ählumumy zehin we ýerli bileleşik» atly halkara maslahata gatnaşdy.