Ylym
30.05.2026
2025
Türkmen wekiliýeti «Täjigistan – 2026» atly hünär başarnyklary boýunça halkara foruma gatnaşdy
Düzüminde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary bolan türkmen wekiliýeti «Täjigistan – 2026» atly hünär başarnyklary boýunça halkara foruma gatnaşdy. Forum 27 – 30-njy maý aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda geçirildi.
29.05.2026
1716
Ahalteke bedewleriniň lowurdysynyň syryny türkmen biotehnologlary açdylar
Ahalteke bedewleriniň edil metal ýaly lowurdaýan täsin öwüşgini bütin dünýäniň bedew janköýerlerini hemişe haýran galdyryp gelýär, ýöne asyrlar boýy adamlar bu aýratynlyga diňe göz çeni bilen baha beripdirler. Türkmen alymlary bu tebigy syryň düýp manysyny doly anyklap, täsin beden gurluş aýratynlygyny akademiki ylmyň takyk diline geçirdiler.
26.05.2026
1697
Türkmen wekiliýeti Tatarystanda XIV halkara mugallymçylyk forumyna gatnaşdy
20 – 21-nji maýda Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetinde (Russiýa Federasiýasy, Tatarystan Respublikasy) «Bilim: anyk ýagdaýlar we mümkinçilikler» atly XIV halkara açyk mugallymçylyk forumy geçirildi.
26.05.2026
1193
Täze okuw kitaplary çap edildi
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň taýýarlamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine niýetlenen täze okuw kitaplary çap edildi.
26.05.2026
1959
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli halkara maslahat geçirildi
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Ak şäher Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi, ylmy innowasiýalaryň mekany» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirdi.
26.05.2026
1711
Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy Aşgabat şäherindäki mekdebe türkmen okuwçysynyň taslamasy esasynda taýýarlanan ekologik guş keteklerini sowgat berdi
Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdepde «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli geçirilen çäräniň dowamynda Russiýanyň diplomatlary okuw mekdebine 20 sany ekologik guş keteklerini sowgat berdiler.
22.05.2026
1710
Dünýä ykdysadyýeti dersi boýunça IV halkara olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýokary okuw mekdebi tarapyndan 15-nji maýda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen dünýä ykdysadyýeti dersi boýunça IV açyk halkara internet-olimpiadanyň jemleri jemlendi.
22.05.2026
3397
Bilimli nesiller ─ Watanyň daýanjy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde alnyp barylýan giň göwrümli özgertmelere Mary welaýatynyň bilim işgärleri hem saldamly goşant goşýarlar. Watanymyzyň geljegi bolan bu günki ýaş nesliň bilim we hünär derejesiniň kämilligi ýurt ösüşiniň kepilliginiň ilkinji başlangyçlary bolup durýar.
22.05.2026
3894
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty dünýä ykdysadyýeti dersi boýunça IV halkara olimpiadasynyň ýeňijilerini yglan etdi
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýokary okuw mekdebi tarapyndan 15-nji maýda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen dünýä ykdysadyýeti dersi boýunça IV açyk halkara internet-olimpiadasynyň jemleri jemlendi.
21.05.2026
4147
Ýokary hilli bilim – üstünlikli geljegiň binýady
Ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli Daşoguz welaýatyndaky ähli umumybilim berýän orta mekdeplerde 25-nji maýda «Soňky jaň» dabaralary geçiriler.