Ylym
02.07.2024
16154
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamanyň täzelikleri
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlar mekdebi «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly hünäre ugrukdyryş taslamasynyň täze IV möwsüminiň şygaryny yglan etdi. Ol «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik diplomatiýasy: netijeli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly guraly» diýlip atlandyrylýar.
01.07.2024
13511
Ýyldyza «Arkadag» adynyň dakylandygy baradaky güwänama Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşuryldy
1-nji iýulda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Pegas ýyldyz toparyndaky ýyldyza «Arkadag» adynyň dakylandygyna şaýatlyk edýän güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy.
27.06.2024
6902
Ýoluňyz ak bolsun, uçurymlar!
Şu ýyl Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistr maksatnamasy boýunça bilim alan hünärmenleriň nobatdaky, hasap boýunça, eýýäm üçünji goýberilişi boldy.
25.06.2024
7751
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň IV möwsümine gatnaşjaklaryň saýlanyp alynmagyna badalga berildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň täze IV möwsümine gatnaşjaklaryň saýlanyp alynmagyna badalga berildi.
25.06.2024
7383
«Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly ylmy makalalar ýygyndysy neşir edildi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýaty paýtagtymyzda geçirilen «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy we amaly maslahatyň netijeleri boýunça ylmy makalalar ýygyndysyny neşir etdi. Maslahat Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan bilelikde guraldy.
25.06.2024
16449
Türkmenistanda «Oguzhanyň zehinli nesilleri» atly II utgaşykly olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «Oguzhanyň zehinli nesilleri» atly II utgaşykly olimpiadanyň ýeňijilerini yglan etdi. Bäsleşik ýokary okuw mekdebi tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirildi.
23.06.2024
9809
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Mental arifmetika boýunça bäsleşik geçirmegi yglan edýär
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 24-25-nji iýunda mekdep okuwçylarynyň arasynda Mental arifmetika boýunça bäsleşik geçiriler.
21.06.2024
8506
Gurluşyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar
Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde ýerleşýän ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.
21.06.2024
5939
BMGÖM we Türkmenistan döwlet bilim ulgamyny güýçlendirmek boýunça özara düşünişmek boýunça Ähtnama gol çekdi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi we BMG-niň Ösüş maksatnamasy ýurdumyzyň bilim ulgamyny berkitmek we Durnukly ösüş işini öňe alyp barmak boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak maksady bilen, özara düşünişmek boýunça Ähtnama gol çekdi.
20.06.2024
6543
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçiriljek «Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» hakaton bäsleşigine gatnaşjaklaryň hasaba alnyşy açyldy
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek «Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» hakaton bäsleşigine gatnaşjaklaryň hasaba alnyşy açyldy.