Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň merkezi Nagoýa şäherinde dowam edýän XX tomusky Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy toparyna ilkinji baýragy kümüş medaly karateçimiz Dawut Nazmyradow getirdi.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň mugallymy Wepa Abdysetdarow hem-de himiki tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Mergen Nunnakow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetine magistr okuw maksatnamasy boýunça bilim almaga ugradyldy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty hem-de Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan bilelikde taýýarlanan «Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi» diýen ylmy makalalar ýygyndysy neşir edildi.
22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk milletiň buýsanjydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi merkezinde türkmen suratkeşleriniň işleriniň sergisi açyldy.