2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Duşenbe şäherinde “Merkezi Aziýada parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň hatyrasyna jebislik” atly Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji parlamentara forumy geçirildi.
2026-njy ýylyň 26–28-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekiliýeti şäheriň häkimi Rahym Gandymowyň ýolbaşçylygynda Pusan şäheriniň (Koreýa Respublikasy) häkiminiň çakylygy boýunça 2-nji Bütindünýä şäher syýahatçylygy sammitine gatnaşdy.
2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary E. Agaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza ýurtlaryň korrupsiýa garşy göreşýän hukuk goraýjy edaralarynyň ministrler derejesindäki üçünji maslahatyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2026-njy ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde geçirilen BMG-niň Biologik köpdürlilik hakynda Konwensiýasynyň taraplarynyň (COP17) ýokary derejeli segmentine gatnaşdy.
Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigata aýawly çemeleşmek we onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň esasy ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.