24.02.2026
2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen, Türkmenistanyň we Zimbabweniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçiriljek syýasy geňeşmelere gatnaşmak üçin wekiliýetiň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen, Zimbabwe Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda boýunça Hemişelik sekretary Albert Ranganaý Çimbindiniň arasynda duşuşyk geçirildi.