Medeniýet
24.05.2025
5225
Tbiliside türkmen halysynyň baýramy bellenildi
2025-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň bilelikde gurnamaklarynda “Ahundowyň Öýi” muzeýinde türkmen halysynyň baýramçylygyna bagyşlanyp türkmen hem-de azerbaýjan haly önümleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.
23.05.2025
4758
Çeper elli halyçylar “Syrlar siňen nepislik” bäsleşiginde baýrak aldylar
Türkmen halysynyň baýramynyň öňüsyrasynda nesilden-nesle geçip gelýän halyçylygyň ajaýyp däplerini dowam etdirýän çeper elli halyçylary tutuş ýurdumyzda dabaraly gutlaýarlar.
23.05.2025
4122
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Kerim Berdiýewiň işleriniň sergisi açyldy
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda bu akademiýanyň mugallymy Kerim Berdiýewiň şahsy sergisi açyldy.
22.05.2025
8738
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek konsertler we baýramçylyk çäreleri
Aşgabat şäheri özüniň 144 ýyllygyny bellemäge taýýarlanýar. Baýramçylyk çäreleriniň çäginde konsertler, sergiler, şeýle hem şäheriň ösüşine we onuň şäher gurluşygy, medeniýet we ykdysadyýet babatynda gazanan üstünliklerine hem-de geljegi uly meýilnamalara bagyşlanan konferensiýalardyr maslahatlar bolar.
22.05.2025
7550
Ýaş suratkeşleriň döredijiligi tanymal nakgaşlaryň gözden geçirilişinde
Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty sergiler merkezinde Aşgabadyň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleriniň sergisi boldy.
21.05.2025
4957
Kamil Weliahmedow – reňk duýgusy üýtgeşik suratkeş
Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kamil Weliahmedowyň şahsy işleriniň sergisi açyldy.
20.05.2025
5185
Türkmen paýtagtynda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly geçirilýär
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Oňa hytaýly, fransiýaly, eýranly, russiýaly, ermenistanly, azerbaýjanly, özbegistanly, gyrgyzystanly we gazagystanly sungat işgärleri gatnaşdy.
20.05.2025
5267
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli täze sahna oýny
Aşgabat şäheriniň güni ýetip gelýär we däp bolup galan düzgüne görä, ýurdumyzyň döredijilik toparlary tomaşaçylar üçin aýratyn sowgatlar taýýarlaýarlar.
19.05.2025
6008
Türkmenistanda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwal badalga aldy
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň açylyş dabarasy boldy.
18.05.2025
4360
Watanymyzyň şanyna sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti
Şu gün «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Berkarar döwletimiziň binýadyny, halkymyzyň demokratik ýoluny alamatlandyrýan bu ählihalk baýramy halkymyzyň jebisligini has-da pugtalandyrýar.