Sport
15.05.2022
9184
Erkin göreş boýunça ildeşlerimiz halkara ýaryşda altyn we kümüş medal gazandylar
Rumyniýada ýetginjekleriň (17 ýaşdan uly bolmadyk) arasynda geçirilýän «Constantin Alexandru & Ioan W. Popovici» erkin göreş boýunça ýaryşda türkmen pälwanlary altyn we kümüş medallary gazandylar.
14.05.2022
6063
«Altyn asyr» futbol boýunça Aşgabadyň Kubogy ugrundaky ýaryşda öňde barýar
Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary futbol boýunça Aşgabadyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň birinji aýlawyndan soň öňdeligi elden bermän gelýär.
12.05.2022
8838
«Altyn asyr» futbol boýunça Aşgabat kubogynda öňdeligi eýeleýär
Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» toparynyň futbolçylary dowam edýän futbol boýunça Aşgabadyň kubogy ugrundaky ýaryşlarda öňdebaryjylygy ele aldy.
12.05.2022
6220
Türkmen agyr atletikaçy dünýä çempionatynda bürünç medal eýeledi
Türkmenistanly agyr atletikaçy Atajan Daýyýew ýetginjekleriň arasynda Iraklionda (Gresiýa) geçirilen dünýä çempionatynda ştangany itekläp götermekde bürünç medala mynasyp boldy.
11.05.2022
7451
Futbol boýunça Aşgabadyň kubogy ugrunda bäsleşik
Futbol boýunça Aşgabadyň kubogy ugrundaky ýaryşlar başlandy. Bu ýyl paýtagtymyzyň baýragy ugrunda dört topar bäsleşýär. Olar Türkmenistanyň baş ligasyndan üç – «Altyn asyr», «Aşgabat» we «Köpetdag» toparlary we ýurdumyzyň ýaşlar ligasyna degişli «Ahal-2» topar.
11.05.2022
5403
Golf boýunça Aşgabadyň çempionatynyň ýeňijileri belli boldy
Paýtagtymyzyň golf-klubynyň çäginde golf boýunça Aşgabadyň çempionaty geçirildi. Türkmenistanyň Golf federasiýasynyň guran ýaryşy dürli ýaş tapgyrlardan ybarat boldy.
10.05.2022
6965
Döwlet Baştutanymyz Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentligine saýlanyldy
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibiniň çäklerinde MOK-nyň 2016 — 2021-nji ýyllar aralygynda alyp baran işleri barada hasabat diňlenildi hem-de ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentini saýlamak bilen bagly meselä garaldy.
04.05.2022
5476
Ruslan Mingazowyň çykyş edýän Gonkongyň “Kitçi” kluby AFK Çempionlar ligasynyň pleý-off oýunlarynda Taýlandly klub bilen oýnar
AFK Çempionlar ligasynyň pleý-off oýnunda Gonkoňyň “Kitçi” kluby Taýlandyň “BG Pathum Ýunaýtid” kluby bilen oýnar. Onuň düzüminde türkmen futbolçysy Ruslan Mingazow hem çykyş edýär. Bu barada Aziýa Futbol Konfederasiýasy habar berdi.
03.05.2022
5244
Gonkongyň «Kitçi» topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 tapgyryna çykmana başardy
Türkmenistanly futbolçy Ruslan Mingazow oýnaýan Gonkongyň «Kitçi» topary ilkinji gezek AFK-nyň Çempionlaryň ligasynda pleý-off tapgyryna çykdy.
30.04.2022
10214
Ezizmuhammet Sähedow ýaýdan ok atmakda ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň rekordyny täzeledi
Aşgabadyň çempionatynda 27-nji mekdebiň okuwçysy Ezizmuhammet Sähedow ýaşy 15-den uly bolmadyklar ýaş toparynda ýaýdan ok atmakda ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň rekordyny täzeledi.