Ylym
25.10.2022
5031
Žurnalistler üçin ýörite sapak guraldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary Ylmy-usulyýet merkezinde paýtagtymyzda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika fakultetiniň talyplary üçin çeper ýazuw usullary boýunça ussatlyk sapagy geçirildi.
25.10.2022
11526
Zehin bäsleşigi geçirildi
2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň 24-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Diller kafedrasynyň gurnamagynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alnyp, talyp ýaşlaryň arasynda «Daşary ýurt dilleri – ylym-bilimiň ösüş çeşmesi» atly daşary ýurt dillerinde zehin bäsleşigi geçirildi.
22.10.2022
4886
Baý milli mirasymyzy wasp edýän sergi gurnaldy
2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň 21-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň baş binasynyň eýwanynda Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen Mary şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebi bilelikde göçme sergini gurnadylar.
22.10.2022
5809
Rus dili boýunça bäsleşiginiň ýeňijileri Moskwa giderler
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň GDA giňişliginde rus dilini goldamak babatda iň gowy taslamalaryna degişli bäsleşigiň ýeňijileri bolan wekiller 1-nji noýabrdan 3-nji noýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda geçiriljek «Rus diliniň GDA ýurtlaryndaky orny, hereketi, kommunikasiýasy» atly Halkara ylmy kongrese gatnaşmaga çagyryldylar.
19.10.2022
8277
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigine çakylyk
24-nji oktýabrda sagat 15:00-da «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň ikinji möwsümine gatnaşmaga isleg bildirýän uly synp okuwçylary üçin onlaýn-synag geçiriler.
18.10.2022
6691
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsi Times Higher Education görkezijisiniň sanawyna goşuldy
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden Times Higher Education (THE) britan guramasynyň tutuş dünýäde abraýly we meşhur görkezijisinde orun eýeleýänleri barha köpelýär.
17.10.2022
5678
Halkara maliýe howpsuzlygy Olimpiadasynda ildeşlerimiziň üstünligi
Russiýa Federasiýasynyň müdirlikleriniň we ministrlikleriniň – Federal maliýe gözegçilik gullugynyň, Magaryf ministrligi we Ylym hem ýokary bilim ministrliginiň bilelikde guran Halkara maliýe howpsuzlygy Olimpiadasynyň ýeňijileriniň arasynda ildeşlerimizden iki talyp bar.
16.10.2022
6656
Berliniň Tehniki uniwersitetiniň professory paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna baryp gördi
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň Berliniň Boýt adyndaky Tejribe ähmiýetli ylymlar tehniki uniwersitetiniň professory Boris Reznik bilen duşuşygy geçirildi.
15.10.2022
5642
Talyplaryň arasynda her ýyl geçirilýän olimpiada gatnaşjaklar hasaba alynýar
14-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda her ýyl geçirilýän olimpiada gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy.
13.10.2022
8304
ÝHHG Aşgabatda geljekki žurnalistleri okadýar
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi 11-nji oktýabrdan 14-nji oktýabr aralygynda «Žurnalistleriň we kommunikasiýa boýunça hünärmenleriň bilimini döwrebaplaşdyrmaga ýardam» maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň syýasy kommunikasiýa we žurnalistika fakultetleriniň talyplary üçin dört günlük onlaýn-okuwlar geçirýär.