07.05.2022
7239
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň öñe sürýän sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerine eýerip, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek maksady bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäheri polisiýa müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
07.05.2022
6668
Beýik Ýeňişiň 77 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar
Ýeňiş gününiň öň ýanynda paýtagtymyzyň häkimliginiň «Mekan» köşgünde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi.
06.05.2022
8859
Meşhur ýapon teleserialy ýaýlymda
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde Ýaponiýanyň Ilçisi Hiroýuki Ýamamotonyň «Goçiso-san» (Bereket bersin!) atly teserialyny ýaýlyma bermek üçin, Komitetiň başlygyna wideo materiallary gowşurmak dabarasy bolup geçdi.
06.05.2022
18178
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesine garaldy.
06.05.2022
25041
Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy
Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynda bolup, bu ýerde halkymyzyň saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de döredilen şertler bilen tanyşdy.
06.05.2022
8493
Uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgeriň ýanýoldaşyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligini hormatlap
06.05.2022
9412
Ýurdumyzyň telekeçileriniň täze önümleri
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşmesiniň (TSTB) metbugat merkeziniň habar bermegine görä, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň şöhlat öndürýän kärhanasynda täze önümiň – ýokary hilli buglanan sygyr etiniň önümçiligi ýola goýuldy. Täze önüm “Kuwwatly” söwda nyşany bilen 425 gram göwrümli bankalarda gaplanýar.
06.05.2022
10861
OMOUS-2022: olimpiadanyň jeml jemlendi
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň guran ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Açyk matematika olimpiadasynyň (OMOUS-2022) jemi jemlendi.
06.05.2022
6476
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda uruş weteranlary bilen duşuşyk geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öñe sürýän milli ahlak ýörelgelerine esaslanyp, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 2022-nji ýylyň 6-njy maýynda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli «Berkarar döwletimiziň milli gahrymanlary watansöýüjilik nusgalyk mekdebidir» atly uruş weteranlary bilen duşuşyk geçirildi.
06.05.2022
8463
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Ç.Gylyjowa berk käýinç yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmak boýunça berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi we garamagyndaky söwda ulgamynyň edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gylyjow Çary Baýramowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.